Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Ykdysadyýet

Tokioda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 30.06.2017 // 901 - просмотров
 

Tokioda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň 12-nji bilelikdäki mejlisi geçirildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy R. Meredow hökümetiň mejlisinde habar berdi.

Duşuşygyň barşynda söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, nebit-gaz, himiýa we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda mundan beýläk-de özara hereket etmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter