Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 30.06.2017 // 1064 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Durmuşyňyzda möhüm waka — doglan günüňiziň 60 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Sizi ýurduň ýagty geljeginiň bähbidine Türkmenistanyň halkyna ýadawsyz hyzmat etmegi özüniň esasy borjy hasaplaýan işbaşarjaň hem-de zehinli adam hökmünde tanaýaryn.
Siz zähmetsöýerligiňiz we watansöýüjiligiňiz bilen Türkmenistanyň halkynyň hormat-sarpasyna eýe bolduňyz hem-de halkara giňişlikde uly abraý gazandyňyz.

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda hem-de täze strategik derejä çykarmakda Siziň ägirt uly goşandyňyzy aýratyn belläsim gelýär.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, uzak ömür hem-de jogapkärli işiňizde üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Iň gowy arzuwlar bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan
Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Siziň doglan günüňiziň 60 ýyllygy mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Biz Özbegistanda Sizi dünýä derejesindäki ajaýyp döwlet hem-de syýasy işgär, Türkmenistanyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň durnukly ösüşiniň bähbidine janaýaman zähmet çekýän, baý durmuş tejribesine eýe bolan zehinli ýolbaşçy hökmünde tanaýarys.

Soňky ýyllarda Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň ähli ulgamlarynda deňsiz-taýsyz üstünliklere eýe boldy. Özüniň ägirt uly ykdysady, ylmy-tehniki we intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanýar, halkara giňişlikde özüniň abraýyny barha pugtalandyrýar.

Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli iri halkara çäreleri geçirmek oňat däbe öwrüldi. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýokary hormat-sarpasynyň we ynamynyň, Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli, netijeli, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatynyň, ýurtdaky parahatçylygyň we asudalygyň, milletara ylalaşyk hem-de dinara sazlaşyk ýagdaýynyň hemmetaraplaýyn ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň ygtybarly dosty, özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň tarapdary hökmünde dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köptaraply gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýandygyňyzy, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, söwda, senagat ulgamlarynda, ulag düzümini döwrebaplaşdyrmakda we energetikada bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge hemişe uly üns berýändigiňizi çuňňur kanagatlanma duýgusy bilen aýratyn bellemek isleýärin.

Şu ýylyň mart we maý aýlarynda Türkmenistanda biziň netijeli duşuşyklarymyz hem-de gepleşiklerimiz munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol gepleşikleriň netijeleri taraplaryň özbek-türkmen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge we onuň gerimini giňeltmäge çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesine ýetmäge mümkinçilik beren ysnyşykly gatnaşyklarymyzyň toplanan tejribesiniň ýurtlarymyzyň, halklarymyzyň bähbidine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin berk esas boljakdygyna ynanýaryn. Munuň özi sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet işiňizde täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw etmek isleýärin.

Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi 60 ýaşyňyzyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň halkara giňişlikde hemişelik bitaraplyk ýoluny seçip alan Türkmenistanyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak ugruňyz ýurduňyzyň taryhynda täze sahypany açdy we durmuş-ykdysady ulgamda hem-de ylym we medeniýet babatda uly üstünliklere beslendi.

Özara ynanyşmak hem-de işjeňlik ýagdaýda geçen duşuşyklarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Siziň Ermenistana boljak resmi saparyňyzyň ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna täze kuwwatly itergi berjekdigine, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Serž SARGSÝAN,
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz, jenap Prezident!

Siziň doglan günüňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni ösüşde ajaýyp üstünlikleri gazanandygy meni begendirýär. Bu gün biz Siziň ýadawsyz tagallalaryňyz bilen ajaýyp ýurduňyzyň gazanýan ösüşiniň we uly üstünlikleriniň şaýatlary bolýarys.

Biziň duşuşyklarymyzy kanagatlanmak duýgusy bilen ýatlaýaryn, olaryň barşynda döwletlerimiziň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň bardygy nygtaldy. Biziň hyzmatdaşlygymyzyň özara bähbitli häsiýete eýedigine hem-de halklarymyzyň rowaçlygyna hyzmat edýändigine ynanýaryn.

Jenap Prezident, Sizi Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan ýene-de bir gezek gutlamaga we Size berk jan saglyk hem-de türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine üstünlikler arzuw etmäge rugsat ediň.

Giorgiý MARGWELAŞWILI,
Gruziýanyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli Türkmenistana gelmek baradaky çakylygyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Men bu çakylygy kanagatlanma bilen kabul edýärin.

Bu ýakymly waka Çişmikioý obasynda çagalar bagynyň gurlandygy üçin Size hut özümiň hoşallyk bildirmegime, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan bahasyna ýetip bolmajak goşandyňyz, hususan-da, durmuş-ynsanperwer ulgamyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin Moldowanyň “Respublikanyň Ordeni” diýen ýokary sylagyny gowşurmaga mümkinçilik döreder.

Moldowa Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda has-da pugtalandyrylmagynyň halklarymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň özeni boljakdygyna umyt edýärin.

Hormatlamak bilen,
Igor DODON,
Moldowa Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan
Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tatarystanlylaryň adyndan we hut öz adymdan Sizi şanly ýaş toýuňyz bilen gutlaýaryn.

On ýyllap Türkmenistan ýaly iri döwletiň başynda durmagyňyz syýasatçy, döwlet işgäri, ýolbaşçy hökmünde Siziň örän ýiti zehiniňize aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurduň raýatlary her gezek Size doly ynanýandygyny tassyklap, öz abadançylygyny hem-de türkmen döwletiniň geljegine bolan ynamyny Siziň adyňyz bilen baglanyşdyrýarlar — şunuň özi hem ýokary döwlet wezipesinde Siziň alyp barýan işleriňiziň netijelidiginiň ynamly subutnamasydyr. Siz öz ýurduňyz hem-de halkyňyz, Türkmenistanyň halkara abraýynyň we strategik aragatnaşyklarynyň pugtalanmagy, möhüm geosyýasy sebitde parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanmagy üçin köp işleri bitirýärsiňiz. Abraýly milli Lider bolan Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikler, Türkmenistanyň bähbidi ugrunda mundan beýläk-de yhlasly işlemek we döretmek üçin ruhubelentlik we güýç-gaýrat arzuw edýärin.

Özara düşünişmek esasynda guralýan hem-de netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyza Size minnetdarlyk bildirmek üçin şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanýaryn. Tatarystan-türkmen hyzmatdaşlygynyň Russiýanyň we Türkmenistanyň halklarynyň bähbidine kybap gelýän işler bilen mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Çuňňur hormatlamak hem-de Size we Siziň ýakynlaryňyza saglyk hem-de bagtyýarlyk baradaky arzuwlar bilen,
Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter