Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy | TDH
Ykdysadyýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 8-si hasaba alyndy

опубликованно 01.07.2017 // 921 - просмотров
 

Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, Russiýadan, Beýik Britaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler bolsa tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügi, buýan köküni we pagta çigidiniň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 700 müň manat bolan ýod erginini satyn aldylar.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 80 müň manat bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Türkmenaglomerat” kondisiýa laýyk gelmeýän polipropileni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter