Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar | TDH
Sport

Türkmen samboçylary 39 medal gazanmagy başardylar

опубликованно 02.07.2017 // 1794 - просмотров
 

Türkmen türgenleri şu günler Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilýän sport we söweşjeň sambo boýunça Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş edýärler. Olar 7 altyn, 13 kümüş, 19 bürünç, jemi 39 medal gazanmagy başardylar.

Bu ýaryşa 29 ýurtdan 300-den gowrak samboçy gatnaşýar.

Hormat münberine Sapar Döwletow, Kerimberdi Döwletow (62 kilograma çenli agram dereje), Muhammet Kössekow (68 kilograma çenli), Ruşana Nuržanowa (56 kilograma çenli) we Rio-de-Žaneýro (Braziliýa) şäherinde geçirilen Olimpiýa-2016-a gatnaşan Gülbadam Babamyradowa (52 kilograma çenli) çykdylar.

Ýagmyr Orazdurdyýew, Ýeňiş Merdanow (52 kilograma çenli), Kasym Populow (74 kilograma çenli), Ýelgun Soltanow (82 kilograma çenli), Emin Esenow (100 kilogramdan ýokary), Aziza Nazarowa (48 kilograma çenli), Solmaz Bozaganowa (64 kilograma çenli), Ogulgerek Nurmedowa (73 kilograma çenli) , Mähri Mulkiwa, Dilafruz Ýusupowa (80 kilograma çenli) kümüş medala mynasyp boldular.

Maksutjan Öwlüýägulyýew, Eziz Gurbanow (57 kilograma çenli), Kössek Kössekow (70 kilograma çenli). Anastasiýa Zakurdaýewa (60 kilograma çenli), Çynar Çerkezowa (64 kilograma çenli), Altyn Isagulyýewa (65 kilograma çenli), Ýusup Ismailow (48 kilograma çenli), Sapa Sapaýew (100 kilograma çenli), Nurberdihan Orazmämmedow (82 kilograma çenli), Nazar Durdyýew (100 kilogramdan ýokary), Zyba Orunowa (68 kilograma çenli), Abdylla Babaýew (68 kilograma çenli), Serdar Hojamuhammedow (90 kilograma çenli) üçünji orny eýelemegi başardylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter