Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi

опубликованно 05.07.2017 // 1458 - просмотров
 

Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümlerinde 2017-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde seredilen meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ýaly wezipeler bar. Şeýle hem ýakyn geljek üçin wezipeler we olary ýerine ýetirmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.

Ilki bilen ýanwar—iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle we ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş we gulluk şertlerini gowulandyrmak hem-de harby işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi. Şeýle hem milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini belledi. Munuň özi goranmak häsiýetine eýe bolan we üstünlikli amala aşyrylýan Harby doktrinamyzda öz beýanyny tapdy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Goşunlaryň ýokary hünärli serkerdeler bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministrine düzüme degişli ýokary okuw mekdeplerinde harby serkerdeleriň taýýarlygyna aýratyn üns bermegi, şeýle hem ýaş esgerleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri yzygiderli esasda alyp barmagy tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy we guryýer hem-de deňiz serhetleriniň gulluklary barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň çäk bitewüliginiň hem-de ykdysady bähbitleriniň goralmagy gullugyň möhüm wezipeleri bolup durýar diýip belledi. Olary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen serhet goşunlarynyň işini has-da kämilleşdirmek, serhetçileriň netijeli gulluklary we ýaşaýyş, durmuş şertleri üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek möhümdir.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow şu ýylyň birinji ýarymynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny ýola goýmak, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Şeýle hem ministr şu ýylyň 27-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde alyp baran işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini ýakmak boýunça ýörite çäräniň geçirilendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dessin-gulluk işlerinde täze usullaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe tabşyryklary berdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýollarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine gönükdirilen zerur çäreleri geçirmek meselelerine hem aýratyn üns berildi.

Soňra Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy G.Hallyýew şu ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýurdumyz düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýar. Halkara hukuk kadalaryna doly laýyk gelýän kanunçylyk şol işleriň ygtybarly binýady bolup durýar. Kabul edilýän çözgütlerde bu düzümiň edaralarynyň öňünde durýan jogapkärçilik barada aýtmak bilen, milli Liderimiz her bir işiň jikme-jik öwrenilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli okuwlar guralmalydyr.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda Mejlisiň Karary bilen, 5-nji iýulda Kazyýet edaralarynyň döredilen gününi döretmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini aýtdy. Milli Liderimiz G.Hallyýewiň üsti bilen kazyýet edaralarynyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Kazyýet ulgamy beýleki hukuk goraýjy düzümler bilen birlikde raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwletiň hem-de jemgyýetiň kanuny bähbitlerini goramak boýunça ägirt uly iş alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Kazyýet edaralarynyň işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw edip, milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda kanunçylygy, adalatlylygy pugtalandyrmak, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça kazylaryň alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy Döwlet baýdagyna tagzym edip, watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi we Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işgärleriniň öňde goýlan jogapkärli wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynandyrdy.

Türkmenistanyň Baş prokurory B.Atdaýew hasabat döwründe prokuratura edaralarynyň alyp baran işleriniň netijeleri, ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň yzygiderli ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň prokuratura edaralaryna degişli işgärleri seçip almak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Kanunçylygyň berjaý edilişine, adamlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň goraglylygyna ünsi güýçlendirmek, şeýle hem jemgyýetçilik bähbidini goramak maksady bilen, bu düzümiň işgärleri öňde durýan möhüm wezipeleri gyşarnyksyz hem-de ak ýürekli ýerine ýetirimelidirler diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi. Halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli gözegçiligi amala aşyrmagyň prokuratura edaralarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz Ş.Garaýewi ýurdumyzyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky we bu düzümiň guramaçylyk meseleleri bilen baglanyşykly degişli resminamalara gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa söz berildi. Ol ministrligiň hasabat döwründe alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bähbitlerini goramakda bu gullugyň işiniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny we onuň Türkmenistany ösdürmegiň maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm şerti emele getirýändigini belläp, ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar—iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň gullugy tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini we halkara ugurlary boýunça ýük gatnawlarynyň möçberleriniň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän ýüklere degişli gözegçiligi ýola goýmak, onuň bellenilen hil ölçeglerine doly laýyk gelmegini üpjün etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz işgärleriň hünär derejesi bilen bir hatarda gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Ol ýurdumyza gelýän daşary ýurt raýatlaryny bellige almak, şeýle hem bu ugurda özara halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýän çäreleri amala aşyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana işewürlik we tanyşlyk saparlary bilen gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň anyk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Soňky ýyllarda Aşgabat sebitara, halkara we dünýä derejesinde möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Aziada—2017-niň ýaryşlarynyň bu ugurdaky esasy wakalaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Gullugyň öňünde onuň esasy borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki ýurtlardan gelýän raýatlaryň, şeýle hem Aziýa oýunlaryna geljek myhmanlaryň degişli migrasiýa çäresini geçmekleri üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatçylyga garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň başlygy M.Çakyýew korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynda öňe sürülýän wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlete zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly ykdysady jenaýatlary ýüze çykarmagyň, öňüni almagyň, üstüni açmagyň we seljermegiň bu düzümiň esasy işleriniň biri bolup durýandygyny we onuň milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygy möhüm talap bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz M.Çakyýewe Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti tamamlandygy baradaky diplomy we nyşany gowşurdy.

Döwlet gullugynyň başlygy ýurdumyzyň Döwlet baýdagyna tagzym edip, watançylyk kasamyny ýerine ýetirdi we Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy jogapkärli wezipede ak ýürek bilen işlejekdigine, milli kanunçylygy berk berjaý etmek maksady bilen ähli tagallasyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Adalat ministri B.Muhammedow şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işlerň netijeleri, täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, şeýle hem raýatlar üçin jemgyýetçilik kabul edişligini yzygiderli guramagyň çäklerinde hereket edýän kadalaşdyryş-hukuk namalaryny düşündirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmegiň we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde ilata, şol sanda ýurdumyzyň çetki künjeklerinde ýaşaýan adamlara ýokary derejeli hukuk kömeginiň berilmelidigini aýdyp, milli Liderimiz bu babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň jemini jemläp, ýurdumyzyň Ýaragly Güçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýakyn geljek üçin ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitläp, ähli gulluklaryň ýolbaşçylarynyň ynanylan bölümlerde alyp barýan işlerinde jogapkärçiligi ýokarlandyrmaklaryna aýratyn üns bermelidigini tabşyrdy.

Şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, oňa gatnaşmak üçin paýtagtymyza geljek köp sanly myhmanlaryň degişli derejede kabul edilmegine taýýarlyk işleriniň möhümdigi bellenildi.

Döwlet düzüminiň kanunçylygynyň goragynda berk durmak, islendik hukuk bozmalaryna we jenaýata garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak, ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň, raýatlaryň abadançylygynyň esaslaryny berkitmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň möhüm borjudyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwletimiz harby gullukçylar we olaryň maşgalalary hakynda yzygiderli alada edýär. Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, göwnejaý dynç alşyny üpjün etmek we netijeli harby gulluklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn iş alyp barýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etjekdigini belläp, milli Liderimiz döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hakynda yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.

Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň ýolbaşçylaryna jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny we mähriban Watanymyza gulluk etmek ýaly mukaddes işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter