“Aziýanyň ýaňy” halkara festiwalynda gazanylan ýeňiş | TDH
Medeniýet

“Aziýanyň ýaňy” halkara festiwalynda gazanylan ýeňiş

опубликованно 07.07.2017 // 1030 - просмотров
 

Türkmen sirkiniň wekili Gazagystanyň paýtagty Astanada 2—6-njy iýul aralygynda geçirilen “Aziýanyň ýaňy” sirk sungatynyň Х Halkara festiwalynda altyn baýragy eýeledi.

Bu festiwala Gazagystandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Müsürden, Monakodan, Özbegistandan, Ukrainadan, Latwiýadan, Hytaýdan akrobatlar, tanapda ýöreýänler, gözbagçylar, žonglýerler we haýwanlary eldekileşdirijiler gatnaşdylar.

Biziň ýurdumyza “Gündogar ýyldyzlary” sirk oýunlary milli toparynyň artisti Parahat Orazlyýew wekilçilik etdi. Ol “Howa gimnastikasy” görnüşi boýunça üstünlik gazanmagy başardy. Emin agzalarynyň gelen netijesi bilen oňa “Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin” diýen Altyn kubok bilen birinji ýer gowşuryldy. Şeýle hem Parahat Belarus döwlet sirkiniň ýörite baýragyna mynasyp boldy.

Geçen ýyl aşgabatly howa gimnastikaçysy Selbi Şyhyýewa “Aziýanyň ýaňy” festiwalynda kümüş baýraga mynasyp boldy.

Türkmen artistleriniň üstünlikli çykyşlary milli sirk sungaty mekdebiniň ussatlyk derejesiniň ýokarlanýandygyny äşgär edýär. Dünýäniň abraýly sirk bäsleşiklerinde ýurdumyzyň at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan ýeňişleri watandaşlarymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Bu bolsa howa gimnastikasy ýaly görnüşde ýokary netijeleriň gazanylmagynda möhüm orun eýeleýär.

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde sirk sungaty täzeden galkynýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda sirk sungaty sazlaşykly ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Ol diňe çagalar üçin däl, eýsem ulular üçin hem söýgüli sungatyň biri bolup durýar. Munuň özi maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin has-da ähmiýetlidir. Ol ähli nesilleri bir ruhy dünýä bilen baglanyşdyrýar.

Sirk manežinde ýaýbaňlandyrylýan çykyşlar batyrgaýlygyň we çeýeligiň, gözelligiň we ajaýyplygyň hem-de zehiniň dabaralanýan dýnýäsine giň ýol açýar. Sirk sungatynda hem beýleki ugurlarda bolşy ýaly, terbiýeçilik ähmiýeti esasy orun eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, munuň özi milli mirasymyzy sirk sungatynyň üsti bilen wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

“Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary we “Türkmen jigitleri” Watanymyzyň çäklerinden daşynda hem meşgurlyk gazanyp, halkara bäsleşikleriniň köp sanly baş baýraklaryna mynasyp boldular.

“Galkynyş” topary Italiýada, Russiýada, Ukrainada, Belarusda, Türkiýede, Hytaýdan çykyş edip, tomaşa edýänlerde ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Olar sirk sungaty boýunça dünýä festiwallarynda birnäçe gezek ýeňiş gazanyp, kuboklara mynasyp boldular. Atly ýigitleriň we sirk ussatlarynyň belleýişleri ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ünsi we goldawy täze döredijilik gözleglerine, täzeçil çözgütlere we çemeleşmelere ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar.

Türkmen sirk artistiniň “Aziýanyň ýaňy” Х Halkara festiwalynda gazanan üstünligi munuň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter