Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi

опубликованно 07.07.2017 // 1247 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetde täze wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi:

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Alladurdy Ataýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesine ozal Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Aşyr Garaýew bellenildi.

Muhammetguly Muhammedow başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň maliýe ministri wezipesinden boşadyldy.

Häzirki wagta çenli maliýe ministriniň orunbasary wezipesinde işlän Goçmyrat Myradow maliýe ministri wezipesine bellenildi.

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, işde goýberen düýpli kemçilikleri hem-de ýolbaşçy hökmünde özüni abraýdan düşürendigi üçin Çary Ataýew gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bu ministrligiň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Çaryýar Ahmedowyň üstüne ýüklenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter