Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň saýlanan Prezidentini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýanyň saýlanan Prezidentini gutlady

опубликованно 10.07.2017 // 984 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Haltmaagiýn Battulga, onuň Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Haltmaagiýn Battulga berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagy baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter