Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

опубликованно 15.07.2017 // 935 - просмотров
 

Bu hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Maltadan gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet kärhanasynyň tehnika önümleriniň birnäçesini satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt walýutasyna dürli reňkli ýumşak nah ýüplük önümleri satyldy. Olary Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gruziýa we beýleki döwletler satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 535 müň manatdan gowrak azyk bugdaýyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter