Paýtagtymyzdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze Saglyk öýi açyldy | TDH
Jemgyýet

Paýtagtymyzdaky Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda täze Saglyk öýi açyldy

опубликованно 21.07.2017 // 1079 - просмотров
 

Aşgabadyň gür ilatly ýerinde ulanmaga berlen Saglyk öýi maşgala lukmanlary hem-de beýleki hünärmenler we zerur bolan işgärler bilen üpjün edildi. Ol keseli anyklaýyş enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. Saglyk öýi maşgala lukmançylygy, enjamlar arkaly anyklaýyş, aýallara maslahat beriş, hirurgiýa, stomatologiýa, fiziobejeriş, bejeriş-bedenterbiýe, barlaghana we gündizki hassahana bölümlerinden ybaratdyr.

“Siemens”, “Storz”, “Olimpus”, “Human”, “Sirona”, “Beka” we “Physiomed” ýaly lukmançylyk tehnikasyny öndürmek ulgamynda öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary tehnologiýaly abzallary we enjamlary hünärmenleriň ygtyýaryndadyr.

Bu ýere gelýänleriň gysga möhletiň içinde zerur bolan maslahatlaryň ählisini almaga we barlagdan geçmäge, soňra bolsa häzirki zamanyň derejesinde bejergi almaga mümkinçiligi bardyr. Bu çäreleriň ählisi bir saglyk öýüniň çäklerinde amala aşyrylýar.

Täze saglyk öýüniň işgärleri fito-bar hem guradylar. Onda näsaglara dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik çaý we dürli içgiler hödürlenilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter