Türkmen Lideri Ram Nath Kowindi Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Lideri Ram Nath Kowindi Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

опубликованно 21.07.2017 // 951 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ram Nath Kowindi onuň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, geljekde hem iki halkyň bähbidine gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Hindistan Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk we bagt, dostlukly hindi halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter