Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

опубликованно 23.07.2017 // 995 - просмотров
 

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-nyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen tehniki uglerody we ýody satyn aldy. Türkiýeden gelen telekeçiler tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Ermenistandan gelen telekeçiler azyklyk bugdaýy, nah ýüplükleri, aşgarlanmadyk flanel matasyny, egirme önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 735 müň dollaryndan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 1 million 323 müň manatdan gowrak azyklyk bugdaýyny satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter