Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi 60 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady

опубликованно 24.07.2017 // 961 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz öz kärdeşini mähirli mübärekläp, özbek Liderini 60 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk hem-de abadançylyk, doganlyk halkyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan iri möçberli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

-Siziň ägirt uly syýasy tejribäňiz we köptaraply döwlet işleriňiz halkyň hemmetaraplaýyn goldawyna we hormatyna daýanýar hem-de Özbegistanda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň, uzak möhletlere niýetlenen durmuş-ykdysady özgertmeleriň, dünýä bileleşiginiň hakyky ykrarnamasyna eýe bolan döwletiňiziň täze gazananlarynyň girewidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Özbegistanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, bu hyzmatdaşlygyň özara düşünişmek we ynam ýörelgelerine esaslanýandygyny, soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanlary däp bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklara uly üns berdiler, munuň özi iki goňşy halkyň taryhy taýdan emele gelen köpasyrlyk ruhy-medeni umumylygy bilen şertlendirilendir.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň iri halkara guramalarynyň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydyklary tassyklanyldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýewi ýubileýi bilen ýene bir gezek gutlap, iki doganlyk döwletiň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem özara düşünişmek, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter