Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak geldi | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak geldi

опубликованно 26.07.2017 // 1330 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlaýyn dynç almak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy, döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi bilen gysgaça gürrüňdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda welaýaty, aýratyn-da, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden milli Liderimiz "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz ogly we agtyklary bilen irki maşklary ýerine ýetirdi hem-de Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.

Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjiň dowamynda Awazanyň binagärlik gözelliklerini hem-de täsin tebigy görnüşlerini synlady. Milli Liderimiz daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, amatly ekologiýa ýagdaýyny saklap galmagyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. “Awaza” şypahana toplumynyň esasy ugry sagaldyş işleridir, munuň özi deňizýaka sebitiniň täsin howa şertleri, bu ýerde bar bolan teknekär gidromineral serişdeler bilen şertlendirilendir.

Köpçülikleýin zähmet rugsadyna çykylýan möwsümde goşmaça guramaçylyk hem-de adamlaryň göwnejaý dynç almagy, olaryň wagtyny peýdaly, gyzykly geçirmegi üçin ähli şertleriň döredilmegini üpjün etmek we beýleki meseleleri oýlanyşmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle hem ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolan welosipedleri işjeň peýdalanmak, welosipedli gezelençler üçin täze ugurlary we beýlekileri döretmek maksadalaýyk bolardy.

Döwlet Baştutanymyz deňiz şypahanasynyň işgärleriniň hünär derejesini hemişe ýokarlandyrmagyň, bu pudakda daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ulanmagyň, hyzmatlar ulgamynda ýurdumyzyň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlamak ulgamyny döretmegiň ähmiýetini belledi. Myhmansöýerlik ulgamynyň möhüm şerti hökmünde ýokary derejeli hyzmatlaryň guralmagyna esasy orun berilýär diýip, milli Liderimiz ýurdumyzyň iş tejribesinde iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegiň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Emele gelýän şypahana toplumynda myhmanhana ulgamlary, medeni, wagty peýdaly geçirmek, sport we maslahat-sergi çärelerini hem öz içine alýan köpugurly täze desgalar peýda bolýar.

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda dünýä derejeli şypahana zolagynyň ösdürilmegi, diňe bir amatlylyk we hyzmat sagaldyş hyzmatlarynyň täze hil derejesi bolmak bilen çäklenmeýär. Munuň özi dikeldiş işlerine bu künjegiň täsin tebigy şertleriniň we serişdeleriniň dynç alyşyň, wagty işjeň geçirmegiň hem-de adamyň saglygyny, onuň beden, intellektual we ruhy güýçleriniň ýokarlandyrylmagyna täzeçe, toplumlaýyn çemeleşmekdir.

... Deňziň kenarynda kaşaň myhmanhanalar, çagalar sagaldyş merkezleri, düzümleýin desgalar yzly-yzyna peýda bolýar, maşgala dynç alşy üçin täze kottejler we willalar, sport we medeni-dynç alyş merkezleri gurulýar. Bu taslamalaryň her biri özüniň binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar, şunda ýokary amatlylyk derejesi, bu ýere gelýänleriň doly derejeli dynç almagy üçin aňrybaş şertleriň döredilmegi üýtgewsiz ülňi bolmagynda galýar.

Awazany abadanlaşdyrmak we ösdürmek boýunça kabul edilen maksada okgunly çäreleriň we ädimleriň netijesinde bu ýeriň gözümiziň alnynda hakyky jenneti künjege öwrülýändigini bu gün sözüň doly manysynda aýtmak bolar. Häzirki wagtda bu ýere dynç almaga we özleriniň saglyklaryny berkitmäge diňe bir ildeşlerimiz däl, eýsem, dünýäniň dürli ýurtlardan adamlar höwes bilen gelýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly we agtyklary bilen bilelikde welosipedli gezelenji tamamlap, yzygiderli türgenleşikleri geçmegiň öz-özüňi tertibe uýgunlaşdyrmaga, adamda zähmetsöýerlik, özüňe erk etmek hem-de maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam berýändigini ýene-de bir gezek belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter