Sagdynlyk we ruhubelentlik işjeň şahsyýete we kämil jemgyýete mahsus häsiýetleridir | TDH
Jemgyýet

Sagdynlyk we ruhubelentlik işjeň şahsyýete we kämil jemgyýete mahsus häsiýetleridir

опубликованно 27.07.2017 // 1146 - просмотров
 

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna baryp gördi.

Irden milli Liderimiz Hazar deňziniň kenarynda okgunly kemala gelýän halkara derejeli şypahana zolagynyň düzüminiň üstüni ýetiren “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.

Egindeşleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, şol sanda giň möçberli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi. Häzirki wagtda bu syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylara hem-de daşary ýurtdy myhmanlara dynç alşyň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyny berkitmek, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Bularyň ählisi şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda-da uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ähli pudaklaryň işgärlerini, aýratyn hem ýaşlary bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň trenažýor zalyna bardy. Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu köpugurly sport “şäherjiginde” türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşiklerini geçirmek, türgenleri hem-de ýygyndy toparlary Aziýanyň we dünýäniň çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak, şeýle hem dürli ýaryşlary, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleri geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilendigi bellärliklidir.

Dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de abzallary bilen üpjün edilen “Awaza” sport toplumynda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweş sungatlary bilen meşgullanmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Bu ýerde ornaşdyrylan köpugurly trenažýorlar ulanyjylaryň ähli toparlary — tejribeli türgenler hem-de höwesjeňler, dürli ýaşdaky adamlar üçin türgenleşikleriň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Sport toplumynda ornaşdyrylan enjamlaryň käbir görnüşleriniň sebitiň hiç bir ýerinde ýokdugyny aýratyn bellemek gerek.

Döwlet Baştutanymyz trenažýorlarda birnäçe maşklary ýerine ýetirip, özüniň beden taýdan taýýarlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezdi. Munuň özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir. Milli Liderimiz myşsalaryň belli bir toparyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin niýetlenen, adamyň özüni duýşuna oňyn täsir edýän hem-de bedenini berkitmäge ýardam edýän trenažýorlaryň her biriniň aýratynlyklaryna ünsi çekip, olary dogry we netijeli ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Tejribäniň görkezişi ýaly, sport maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidir.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi üçin maksada laýyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň diňe bir beden taýdan sagdynlygyna däl, eýsem, onuň özüni duýşuna we ruhubelent bolmagyna, şeýle hem intellektual we döredijilik işine oňyn täsir edýär.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, her bir adamyň bedeniniň aýratynlyklaryny we fiziki taýýarlygyny nazara almak bilen, sport enjamyny dogry seçip almagyň wajypdygyny belledi. Mundan başga-da, trenažýorlarda maşklar ýerine ýetirilende, olaryň dowamlylygy we yzygiderliligi ýaly ýörelgelere esaslanmalydyr. Türgenleşikleriň maksatnamasy taýýarlanylanda, bedeniň degişli fiziki häsiýetnamalarynyň ählisi göz öňünde tutulmalydyr. Maşklaryň çylşyrymlylygy we dowamlylygy adamyň agramyna, tälimçiniň seçip alan maksatnamasyna, maşklary ýerine ýetirmegiň tizligine hem-de olaryň ýygjamlylygyna baglydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň başa-baş söweş sungaty zalyna bardy.

Şu pursatda bolsa ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, trenažýorlarda maşklary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýardylar, şeýle hem toparlara bölünip, toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guradylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa we wise-premýer A.Garajaýew bilen söhbetdeş bolup, milli sport ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary netijeler sportuny giňden wagyz etmek meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sport, mugallymçylyk we medeni-aň-bilim düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere türkmen sportunyň häzirki gazananlaryny, biziň türgenlerimiziň abraýly halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünliklerini işjeň wagyz etmäge degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi. Milli Liderimiz şeýle hem sport ýaryşlaryny medeni-köpçülikleýin çäreler bilen utgaşdyrmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi. Munuň özi türgenlerimizi täze, has uly üstünliklere ruhlandyrar, ýurdumyzyň sportunyň abraýynyň belende galmagyna ýardam eder.

Hormatly Prezidentimiz ýokary netijeler sportuny we köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek meseleleriniň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny nygtap, ýurdumyzda bar bolan sport toplumlaryny talaba laýyk saklamagyň zerurdygyny aýratyn belledi. Munuň özi türgenleri ýokary hilli taýýarlamagyň we şunuň netijesinde olaryň ýokary netijeleri gazanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň boks zalyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin sport çärelerini guramak bilen baglanyşykly işi işjeňleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi hem-de ýurdumyzyň kärhanalarynda we guramalarynda, ähli pudaklaryň zähmetkeşler toparlarynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini ösdürmek wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda yzygiderli işleriň alyp barylmalydygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän pudaklaýyn sport desgalarynyň gurluşygyna toplumlaýyn çemeleşmegiň ähmiýeti barada aýdyp, sport ulgamynda ýokary netijeleri gazanmak üçin bu babatda işleriň toplumlaýyn hem-de yzygiderli alnyp barylmalydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz trenažýor zala baryp, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan şu ýylda ýurdumyzda köpsanly sport çäreleriniň geçirilendigini, bu bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna degişli derejedäki taýýarlygy üpjün edýändigini belledi. Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna kanagatlanma bildirip, häzirkizaman sport enjamlarynyň netijeli ulanylmagy, onuň sport bilen meşgullanmaga isleg bildirýänlere elýeterli bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmäge uly üns bermegiň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu ýere ýygnananlaryň ählisine bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi we
bu ýerden ugrady.

Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün şeýle hem özüniň agtyklary bilen çeper döredijilik, aýratyn-da, sungat eserlerini döretmek bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň agtyklary Kerimguly, Ysmaýyl hem-de Rahym saz dünýäsine çuňňur aralaşmak ýörelgesine eýerip, sungatyň inçe syrlaryny yhlas bilen ele alýarlar. Bu ugurda olara Arkadag Prezidentimiz görelde mekdebi, ussat halypa bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň baý ruhy mirasynyň möhüm bölegi bolan sungatyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmegiň wajypdygyny belläp, ýaşlary döredijilik işine işjeň çekmegiň möhümdigini nygtaýar. Munuň özi döredijilikli pikirlenmäge, sungatyň dürli ulgamlarynda zehiniňi açmaga we umuman, gözýetimiňi giňeltmäge ýardam edýär.

Hut öz ukyplaryny ösdürmäge, özlerini kämilleşdirmäge, täze bilimleri özleşdirmäge çalyşýan ýaşlardan sazlaşykly ösen, ruhy taýda baý şahsyýetler kemala gelýär. Olar döwletimiziň we jemgyýetimiziň gülläp öçmegine saldamly goşant goşmaga ukyply bolýarlar.

Şu gün hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen özüniň täze döredýän “Ýadymda” atly aýdymynyň käbir setirleriniň üstünde işledi. Milli Liderimiz ilki bilen roýal saz guralynda täze aýdymyň sözlerine hiňlendi. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz agtyklarynyň hersine dürli saz gurallarynda bu aýdymyň sazyny öwretdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saz sungatyna uly höwesi bolan agtyklary bilen täze aýdymy ýerine ýetirdi.

Milli Liderimiz agtyklaryny döredijiligiň dürli ugurlaryna ugrukdyryp, olara halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan sungatynyň şöhratly taryhy, halk aýdym-sazlarynyň milletiň ösüşindäki ähmiýeti, halypa bagşylaryň milli saz sungatyny ösdürmek ugrunda bitiren hyzmatlary barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz “Ýadymda” atly täze aýdymyň jemleýji pursatlarynyň üstünde işleýär. Bu owadan dünýä mysaly nurana söýgini wasp edýän aýdym ýakyn wagtda dolulygyna diňleýjilere ýetiriler. Munuň özi halkymyza ajaýyp sowgat bolar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, körpeler üns-alada bilen gurşalmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde ýaş türkmenistanlylaryň sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly şertler döredildi. Arkadag Prezidentimiz milletimiziň özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, özüniň dynç alyş günlerini çagalary we agtyklary bilen bilelikde geçirdi.

Çagalaryň we agtyklaryň agzybirligi, olaryň özara ýakymly gatnaşygy nesilleriň dowamatlylygynyň aýdyň subutnamasy, ata-ene üçin aňrybaş bagtyýarlyk bolup durýar. Çagalarda zähmetsöýerlik bilimleri we hünärleri ele almaga ymtylmak duýgularyny terbiýelemek ata-enäniň esasy wezipesidir.

Çagalar durmuşyň gülüdir, olar biziň geljegimizdir, hut şoňa görä-de, olaryň ukyp-başarnygyny ösdürmek üçin şertleri döretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.

Ine, şu gün hem milli Liderimiziň agtyklary dürli oýunlar, surat çekmek, şeýle hem el işleri bilen gümra bolup, özleriniň dürli hünärler bilen gyzyklanýandyklaryny görkezdiler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,
ösüp gelýän nesliň geljekki hünäri saýlap almaga bolan gyzyklanmasyny goldamak we höweslendirmek halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Çagalar barada hemmetaraplaýyn alada etmek, olary eziz Watanymyzy söýmek, onuň taryhyna we medeniýetine, mähriban tebigatymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek ýaş nesliň ukyp-başarnygyny ösdürmäge giň ýol açýar. Hut şeýle alada Arkadag Prezidentimiziň özüniň çagalaryna we agtyklaryna bolan buýsanjynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Şol pursatda Hazar deňziniň giňişliklerine tarap ak guw ýaly “Berkarar” gämisi ýüzüp barýardy. Gämide gezelenje çykan hormatly Prezidentimiziň ogly we agtyklary deňziň kenarynda dynç alýan ýakynlaryna şatlyk bilen ellerini buladylar. Olar hem gämide ýüzüp barýanlary mübäreklediler.

Soňra körpeler ýene-de oýunlara meşgul boldular — oglanjyklar dürli görnüşli oýnawaçlary ýerli-ýerinde goýuşdyrsa, gyzjagazlar tikin maşynjygynda el işine gümra boldular. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalar bolsa öz çeken suratlaryny görkezip, mähriban Arkadagymyzyň “sag bolsunlaryna” mynasyp boldular.

Bularyň ählisi nesilleriň dowamatlylygynyň, maşgala gymmatlyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa maşgala gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter