V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli Pekinde metbugat duşuşygy geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli Pekinde metbugat duşuşygy geçirildi

опубликованно 28.07.2017 // 1239 - просмотров
 

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli metbugat duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan guraldy. Çärä Hytaýyň esasy habar beriş serişdeleriniň, şol sanda “SSTW russkiý” Halkara teleýaýlymynyň, Hytaýyň Halkara radiosynyň, gündelik çykýan Halk gazetiniň (“Ženmin žibao onlaýn”), “Sinhua” habarlar agentliginiň, “Hytaý” žurnalynyň, “Lukwi” (Lookwee), “Witwa” (VITVO) neşirleriniň, HHR-de işleýän diplomatik wekilhanalaryň metbugat gulluklarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Pekiniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ýygnananlar Türkmenistanyň durmuşynda möhüm waka — “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlygyň barşy bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzda ilkinji gezek guralýan şeýle derejedäki giň gerimli ýaryşlar halkara sport giňişliginde eziz Watanymyzyň abraýyny berkitmäge gönükdirilendir. Bedenterbiýäni we sporty döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ösdürmegi kesgitlän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy başlangyjy Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda çözgüdi kabul etmeginiň esasy şerti boldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oýunlara taýýarlyk görmek işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalary öz meýdançalarynda 65 toparyň türgenlerini kabul etmäge taýýardyr. Degişli halkara ülňülere laýyk gelýän toplumyň desgalarynda sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýerde eýýäm synag ýaryşlarynyň birnäçesi hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda beýleki ähmiýetli çäreler guraldy.

Çykyş edenler V Aziýa oýunlarynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunda parahatçylyk döredijilik we Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, ynsanperwer hyzmatdaşlygyny, şol sanda sport ulgamyndaky gatnaşyklary netijeli diplomatik gurallaryň biri hasaplaýandygyny bellediler. Ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi şunuň ýaly çäreleriň guralmagynda tejribe toplamaga ýardam berýär. Mundan başga-da, munuň özi mili ýygyndy toparlarymyzy dünýä çempionatlaryna hem-de Olimpiýa oýunlarynda taýýarlamak üçin ajaýyp mümkinçiligi döreder.

Biziň döwletimiz “Aşgabat 2017” oýunlaryny guramak meselelerine jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär, bu oýunlar aýdyň öwüşginli hem-de ýatda galyjy waka öwrüler, sebit we ählumumy derejede sport hereketiniň ösdürilmegine we wagyz edilmegine uly goşant bolar. Bellenilişi ýaly, öňde boljak oýunlary guramak türkmen jemgyýetini özgertmek we demokratiýalaşdyrmak işleriniň giň gerime eýe bolýan, ýurdumyzyň ilatynyň syýasy-jemgyýetçilik işjeňliginiň barha ösýän şertlerinde amala aşyrylýar. Dünýäniň köp sanly adamlarynyň gözüniň öňünde Türkmenistan parahatçylygyň, ösüşiň hem-de abadançylygyň mekany hökmünde keşpde belende göteriler.

Çykyş edenler hytaý žurnalistleriniň oýunlaryň maglumat üpjünçiligi baradaky sowallaryna jogap bermek bilen, Olimpiýa şäherjiginde Metbugat merkeziniň, Halkara alyp görkeziliş merkeziniň bina edilendigini habar berdiler. Desgalaryň her birinde ýaryşlaryň geçirilişi baradaky maglumatlaryň dessin hem-de hakyky wagt tertibinde ýaýlymlara bermek üçin ähli zerur şertler döredildi. Metbugat duşuşygyna gatnaşyjylar türgenleriň we türkmen paýtagtynyň myhmanlarynyň, şol sanda HHR-den geljek myhmanlaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirijiler tarapyndan döredilen şertlere mynasyp baha berjekdiklerine ynam bildirdiler.

Metbugat duşuşygynyň çäklerinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň barşy barada wideoşekiller görkezildi. Bu çärä gatnaşyjylar şeýle hem Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport hereketiniň ösdürilişi hakynda gürrüň berýän fotosuratlaryň sergisi, şeýle hem ýörite neşir edilen surat toplumlary we öňde boljak ýaryşlar baradaky maglumatlar bilen tanyşdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter