Wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň oba hojalyk işleriniň barşy barada pikir alşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň oba hojalyk işleriniň barşy barada pikir alşyldy

опубликованно 31.07.2017 // 1207 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy. Ol ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetarpalaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz medeni-durmuş, inženerçilik-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Paýtagtymyzyň ähli künjekleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäher gurşawynyň ekologiýa derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy döwrüň möhüm talaby bolur durýar. Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna we bugdaý ekişine görülýän giň möçberli taýýarlyk işleri barada welaýat häkimleri hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, bugdaý ekişine örän guramaçylykly girişmegiň ýerleriň suwaryş suwy bilen üpjün edilmeginiň we ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejedäki idegiň ýola goýulmagynyň, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Pudagyň öndürijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýändigini nazarda tutup, pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmalydgyny belledi.

Sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan degişli goldawlar berilse-de, bu ugurda gazanylýan netijeler pes. Munuň sebäbi nämede?

Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyna az wagtyň galandygyny aýdyp, bu möwsüme guramaçylykly girişmek, bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin anyk meýilnamany işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem milli Liderimiz bugdaý ekişine taýýarlygyň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowa ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň kada laýyk derejede bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatyň oba hojalygynyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan degişli goldawlar berilse-de, bu ugurda gazanylýan netijeleriň pesdigini aýtdy we sebitiň ekerançylyk meýdanlaynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi häkimden talap etdi.

Milli Liderimiz Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewe ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hill geçirilmegi, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem pagta ýygymyna we bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek we ony ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Welaýatyň oba hojalygyny ösdürmek üçin döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigine, kärendeçileriň öndürijilikli işi ugrunda degişli mümkinçilikleriň üpjün edilýändigine garamazdan, alynýan netijeleriň pesdigini aýdyp, welaýatda ýerine ýetirilýän guramaçylyk işlerine nägilelik bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwy rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Pagta ýygymyna we bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berip, ekerançylyk meýdanlarynyň suw we dökün bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň, oba hojalyk ekinlerine ideg etmekde agrotehnikanyň kadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanowa bugdaý ekişine örän guramaçylykly girişmegiň ýerleriň suwaryş suwy bilen üpjün edilmeginiň we ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejedäki idegiň ýola goýulmagynyň, kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy. Pudagyň öndürijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertler döredilýändigini nazarda tutup, pudakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy häkimden berk talap etdi.

Welaýat häkimlerine ekerançylyk meýdanlarynda işlere guramaçylykly girişmelidigini aýdyp, obasenagat toplumynyň ösmegindäki we oba-hojalyk önümleriniň ösmegindäki meseleleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak tabşyryldy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz welaýatlarda medeni-köpçülik çärelerini geçirmegi, şanly seneler mynasybetli dabaralary gurnamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter