Mun Çže In Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Mun Çže In Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi

опубликованно 02.08.2017 // 892 - просмотров
 

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyz bilen dostlykly hyzmatdaşlygyň ösjekdigine ynanýandygyny belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In döwlet ýolbaşçysy wezipesine saýlanmagy mynasybetli iberen gutlagy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirýär.

Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 25 ýyl dolan Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlykly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeljekdigine we pugtalanjakdygyna ynanýaryn. Prezidentlik döwrümde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin – diýip hatda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter