Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar | TDH
Jemgyýet

Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

опубликованно 17.08.2017 // 1004 - просмотров
 

Şu gün türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.

Gurban baýramynyň sahawatly günlerinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 160-sy bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasy bilen bir hatarda, Mekgede we Medinede mukaddes dessurlary berjaý ederler.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň hem-de onuň egindeşleriniň ruhlarynyň aram tapan ýerlerine, dünýä belli metjitlere we şäheriň beýleki mukaddes ýerlerine zyýarat ederler. Olar haj parzynyň berjaý ediljek ýerinde –Mekgede musulman ymmatynyň Zem-Zem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddesliklerine togap edip, mukaddes Käbäniň –Gara daşyň daşyndan aýlanarlar.

Düýn Aşgabatda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter