Türkmenistanyň ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna kosmosdan gözegçilik ediler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna kosmosdan gözegçilik ediler

опубликованно 18.08.2017 // 830 - просмотров
 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň her bir görnüşi üçin ýer kadastryny taýýarlamak işlerini çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýy hakynda anyk maglumat almak üçin täze tehnologiýalary, şol sanda milli emeli hemranyň kömegi arkaly älem giňişliginden alnan maglumatlary işjeň peýdalanmak zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň pikiri boýunça munuň özi oba hojalyk önümçiliginiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, guramaçylyk meseleleriniň öz wagtynda çözülmegine ýardam eder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter