“Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär | TDH
Aşgabat-2017

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň işewür hyzmatdaşlarynyň gerimi giňelýär

 

Barha golaýlap gelýän ägirt uly taryhy wakanyň - Aziada - 2017-niň resmi hyzmatdaşlarynyň sany gün-günden artýar. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň habar bermegine görä, ýurdumyzyň “Türkmen ak ýol” kompaniýasy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýene-de bir resmi hemaýatkäri boldy.

Bu kompaniýa ýükleri daşamak hem-de dürli senagat pudaklary boýunça toplumlaýyn logistika ýaly hyzmatlaryň köp görnüşlerini hödürleýän tejribeli işewür hyzmatdaş hökmünde meşhurdyr.

“Aşgabat 2017” oýunlarynyň resmi hemaýatkäri hökmünde kompaniýa Ýerine ýetiriji komitet hem-de onuň hyzmatdaşlary bilen logistiki hyzmatlary meýilleşdirmekde we ilerletmekde ysnyşykly hyzmatdaşlyk eder.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna dahyllydygy bilen ruhlanan “Türkmen ak ýol” kompaniýasynyň hünärmenleri “Aşgabat 2017” oýunlarynda logistiki hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek üçin özleriniň kuwwatyndan we tejribesinden netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Olaryň pikirine görä, bu oýunlar “Iň uly halkara sport baýramçylygy bolar”.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter