Türkmenistanyň Prezidenti rus kärdeşinpe Kubanda awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti rus kärdeşinpe Kubanda awtobus heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi

опубликованно 27.08.2017 // 984 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnodar ülkesinde awtobusyň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmeleri zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter