Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi | TDH
Syýasat habarlary

Gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Mejlisinde boldy we Olimpiýa şäherjigine baryp gördi

опубликованно 30.08.2017 // 859 - просмотров
 

Ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Türkmenistanyň Mejlisine bardy. Bu ýerde myhmanyň milli parlamentiň Başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşygy boldy.

Geçirilen gepleşikleriň dowamynda Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Mejlisiň düzümi we kanunçykaryjylyk işi hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň bar bolan kuwwatlyklary we mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalaryň çäklerinde, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny nygtaldy.

Gruziýanyň Premýer-ministri täze taryhy eýýamda Türkmenistanyň ýeten derejesine we gazanýan üstünliklerine ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýtdy hem-de öz ýurdunyň işjeň döwletara gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.

Soňra Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralamak üçin Gypjaga ugrady. Şol ýerde myhman Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň aramgähine gül dessesini goýdy hem-de Türkmenbaşynyň ruhy metjidine aýlanyp gördi.

Günüň ikinji ýarymynda Gruziýanyň Premýer-ministri paýtagtymyzdaky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi. Myhman Aşgabatda bina edilen iri sport toplumyny synlap, onuň göwrümine, oýlanyşykly hem-de özboluşly binagärlik çözgüdine, bezeg aýratynlyklaryna, desgalaryň ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşyna, döredilen mümkinçiliklere ýokary baha berip, bu desgalaryň häzirki zamanyň talaplaryna we ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigini nygtady.

Gruziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp gördi. Bu ýerde myhmana dünýäde şöhrat gazanan we türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň gözelligini synlamaga mümkinçilik döredildi.

Myhman döwrebap toplum bilen tanyşlygynyň dowamynda ýurdumyzda ady rowaýata öwrülen bedewlere söýgi, aýratyn üns-alada bilen garalýandygyna göz ýetirdi. Dostlukly döwletiň hökümetiniň baştutany ahalteke bedewleriniň gaýtalanmajak gözelligine, syn sypatyna, şalara mynasyp özboluşlylygyna, at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly görnüşlerini ýerine ýetiren türkmen atlylarynyň ussatlygyna haýran galýandygyny nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter