Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurulmagyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar | TDH
Ykdysadyýet

Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurulmagyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar

опубликованно 31.08.2017 // 784 - просмотров
 

Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Hindistan-Pakistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bular barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Babaýew habar berdi.

Wise-premýer şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, ählumumy durnukly ösüş üçin şertleri döretmek babatda TOPH taslamasynyň uly halkara ähmiýetini belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter