Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi

опубликованно 31.08.2017 // 784 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi talap edtdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynyň meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýewe ýurdumyzyň oba senagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna degişli birnäçe düýpli kemçilikleri aýtdy.

Döwletimiz oba hojalygyna hemme taraplaýyn goldaw berip, mineral dökünler, ekin üçin suw, döwrebap tehnikalar, tohumlar we beýleki serişdeler bilen doly möçberde üpjün edýär, emma oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy pes bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň ýolbaşçylaryna obada bazar gatnaşyklarynyň kemala getirilmegine, oba senagat toplumyny ylmy esasda ösdürmäge, eksportyň artdyrylmagyna hem-de oba hojalyk önümleriniň importynyň azaldylmagyna degişli anyk tabşyryklary berdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter