Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça wise-premýeri saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça wise-premýeri saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy

опубликованно 31.08.2017 // 880 - просмотров
 

Bäşimmyrat Hojamämmedow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen ykdysady topluma gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipe-borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazmyrat Gurbannazarowyň üstüne ýüklenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter