Türkmenistanyň Prezidenti “Harwi” harasadynyň pidalary zerarly, ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti “Harwi” harasadynyň pidalary zerarly, ABŞ-nyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 31.08.2017 // 955 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren “Harwi” harasady zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter