“Buigiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna birnäçe täze taslamany hödürledi | TDH
Syýasat habarlary

“Buigiň” ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna birnäçe täze taslamany hödürledi

опубликованно 01.09.2017 // 1058 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň prezidenti—baş direktory Marten Buigi kabul etdi.

Ýewropanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyz hem-de ähli türkmen halkyny bellenilýän uly baýramçylyk -- Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýurdumyza abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Myhman ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamalary, şol sanda ylym-bilim ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny belledi. Ýurtda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňaýly şertleriň döredilmegi netijesinde dünýäniň işewür toparlary Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda esasy kompaniýalaryň köpüsi geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga we giňeltmäge meýillidigini beýan edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, dürli pudaklarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda işleýän esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz “Buig” bilen ynanyşmak hem-de özara bähbitlilik esasynda guralýan işjeň hyzmatdaşlygyň köpýyllyk netijeli häsiýete eýedigini belledi. Bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Aşgabatda gurlan döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň binalaryny görkezmek bolar. Şu gün bu sanawyň üsti Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakulteti bilen ýetirildi. Ol ýokary halkara ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryldy. Döwlet Baştutanymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna we hünärmenlerine uniwersitet şäherçesiniň binalar toplumyny gurmak we enjamlaşdyrmak boýunça şertnamany durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, fransuz kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Marten Buig geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatda täze teklipleri beýan edip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze taslamalaryň birnäçesini hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, olar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Türkmen paýtagtyny we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda “Buig” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we türkmen tarapynyň bildirýän talaplaryna ünsi çekdi. Esasy talaplaryň biri-de desgalaryň gurluşygynyň möhletleriniň we hiliniň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Gurulýan binalaryň her biri milli binagärligiň iň gowy däplerini, täsin binagärlik we täzeçil inžener-tehniki çözgütleri sazlaşykly utgaşdyrmalydyr.

Jenap Marten Buig hoşlaşanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa kompanýia bildirýän ýokary ynamy üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna bagtyýar hem-de abadan durmuş, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter