Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

опубликованно 01.09.2017 // 1034 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we doganlyk türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, milli Liderimize hem-de türkmenistanlylaryň ählisine bagt, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda iki doganlyk döwletiň Baştutanlary netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hem-de hökümetara derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň we iki ýurduň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi.

Söhbetdeşler türkmen-türk gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň wajypdygyny nygtadylar. Munuň özi doganlyk halklaryň köpasyrlyk ruhy-medeni gatnaşyklary bilen şertlendirilendir. Taraplaryň medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga çalyşýandygy bellenildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşler ilki başdan hoşniýetli erk-islegiň, deňhukuklylygyň hem-de mizemez doganlyk gatnaşyklarynyň ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk hem-de üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter