Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy | TDH
Syýasat habarlary

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi abraýly sylaglara mynasyp boldy

опубликованно 01.09.2017 // 1149 - просмотров
 

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa we merkeziniň maslahatlar zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýanyň süýjüli diabet keselleri jemgyýetinden hem-de Daşky gurşaw boýunça saglygy goraýyş gaznasyndan paýtagtymyzyň täze lukmançylyk merkezine berlen ýörite güwänamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary mähirli mübärekläp, şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilýändigini, şu mynasybetli asylly däbe görä, täze desgalaryň açylyş dabaralarynyň guralýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu dabaralara beýleki ýurtlardan hem myhmanlaryň gatnaşýandygyny aýdyp, Bordo şäheriniň Uniwersitetiniň hormatly doktory hanym Eni Saskony dabara gatnaşyjylar bilen tanyşdyrdy we oňa söz berdi.

Doktor Eni Sasko ýygnananlaryň öňünde eden çykyşynda lukmançylyk boýunça Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürýändigini belledi.

Şeýle hem ol keselleriň derejesi bilen daşky gurşawyň arasyndaky arabaglanyşyk barada aýdyp, Türkmenistanyň tebigaty, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyny goramaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berdi. Şeýle tagallalar dünýäniň köp ýurtlarynyň hökümetleri we jemgyýetleri üçin nusgalyk derejä eýedir.

Hormatly Prezidentimiz netijeli çykyşy üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Kýoln uniwersitetiniň professory, Endokrinologiýa departamentiniň ýolbaşçysy Rudolf Maýsa söz berdi.

Jenap Maýs döwrebap düzümiň we dünýä ylmynyň iň gowy işläp taýýarlamalarynyň binýadynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň netijeli usulynyň döredilmegini ýurduň milli Lideriniň ýolbaşçylygynda gazanýan esasy üstünlikleriniň hatarynda görkezip, ilaty ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmegi, eneligi we çagalygy goramak ulgamyny ösdürmegi, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmagy, sporty wagyz etmegi onuň esasy ugurlary bolup durýandygyny nygtady.

Rudolf Maýs bu babatda Türkmenistanyň syýasy jogapkärçiligiň ýokary derejesini we nusgalyk görelde görkezýändigini belledi.

Dabaranyň barşynda milli Liderimize Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezine Merkezi Aziýada şeýle derejedäki hassahanalaryň iň oňat enjamlaşdyrylyşyny hem-de süýjüli diabet keseline berilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň iň ýokary derejesini tassyklaýan degişli güwänamalar berildi.

Milli Liderimiz jogap sözünde Nemes süýjüli diabet keselleri jemgyýetiniň we Daşky gurşaw babatda saglygy goraýyş gaznasynyň sylaglary üçin myhmanlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter