Agyz suwuny öndüriji kärhanalar üçin kaogulýant satyn alnar | TDH
Jemgyýet

Agyz suwuny öndüriji kärhanalar üçin kaogulýant satyn alnar

опубликованно 08.09.2017 // 986 - просмотров
 

Türkmenistan Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky agyzsuw edaralary üçin zerur bolan alýuminiý sulfatynyň (koagulýant) 15 müň tonnasyny satyn almagy maksat edinýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde gurluşyk, energetika hem-de jemagat hojalygy ugamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilaty agyz suwy bilen doly üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny belledi. Şunda agyz suwuny rejeli ulanmak we pudaklaýyn kärhanalaryň esasy gaznalaryny täzelemek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygy bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter