Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegini tamamlady | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegini tamamlady

опубликованно 08.09.2017 // 984 - просмотров
 

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge taýýarlyk görülişini tamamlady. Bu barada hökümetiň mejlisinde bu ugra gözegçilik edýän wise-premýer M. Babaýew habar berdi. Ýurdumyz boýunça 930 müň 210 hojalyk hem-de 5 müň 424 senagat we durmuş maksatly kärhana şertnamalaýyn esasda tebigy gaz bilen üpjün edilýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň hünärmenleri gaz geçiriji ulgamlaryň we gaz paýlaýjy desgalaryň, ýokary, orta hem-de pes basyşly gaz geçirijileriň talaba laýyk işlemegini üpjün etmek boýunça barlag, arassalamak we abatlamak işlerini berjaý etdiler.

Ýurdumyzyň ilatly ýerleri tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär. Täze hojalyklarda hem-de ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary oturtmak boýunça işler netijeli ýerine ýetirilýär. Edara-kärhanalarda, mekdeplerde, çagalar baglarynda we hassahanalarda gaz bilen işledilýän enjamlaryň tehniki ýagdaýyna we ondan peýdalanmagyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, tebigy gazy aýawly we rejeli ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz önümçilik hem-de durmuş ulgamlaryna döwrebap energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary we “mawy ýangyjy” sarp etmegiň halkara ölçeglerine kybap hasabat ulgamyny ornaşdyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter