Türkmenistanyň Prezidenti Meksikaly kärdeşine adam pidalaryna getiren ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Meksikaly kärdeşine adam pidalaryna getiren ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi

опубликованно 09.09.2017 // 1022 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter