Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş yglan edildi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş yglan edildi

опубликованно 14.09.2017 // 1137 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Permana laýyklykda, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, kanunda bellenen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 2017-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we şol döwürde çagyryş gününe çenli 18 ýaşy dolan hem-de harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek raýatlaryny, harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren uly ýaşly erkek raýatlary harby gulluga çagyrmak tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter