Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygyny kabul etdi

опубликованно 17.09.2017 // 916 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyza ýene-de gelip görmäge hem-de yklymlaýyn iri sport ýaryşlaryna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin örän şatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, ýurdumyzyň dürli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda abraýly halkara guramalary hem-de düzümleri bilen ýygjam hereket edýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman GDA-nyň çäklerinde deňhukuklylyk, uzakmöhletleýinlik hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu düzümiň assosirlenen agzasy bolan Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar. Biz ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem GDA-nyň giňişliginde netijeli ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga mundan beýläk-de işjeň ýardam bermegi maksat edinýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Myhman Aşgabatda geçirilen sebit we halkara ähmiýetli maslahatlara taýýarlyk görlende Türkmenistanyň öz wezipesini ýerine ýetirmäge örän jogapkärli, başlangyçlar bilen çemeleşýändigini belläp, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine hem-de dünýäde uly seslenme döretjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew Aşgabat oýunlarynyň netijeleriniň, şol sanda sport ulgamynda Arkalaşygyň halklarynyň we ýurtlarynyň abadançylygynyň bähbitlerine kybap gelýän köptaraply, däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter