Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

опубликованно 17.09.2017 // 904 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelip görmäge we “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga iberilen çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyny uzakmöhletleýin hyzmatdaş hökmünde hasaplaýandygyny aýtdy.

Prezident Serž Sargsýan soňky ýyllarda Türkmenistanyň gazanan ägirt uly üstünliklerine ýokary baha berip, türkmen topragynda bolýandygyna, milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkynyň häzirki döwürde ýeten derejesine göz ýetirmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Belent mertebeli myhman döwlet Baştutanymyzy “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylmagy bilen gutlap, onuň geçirilmeginiň Türkmenistanyň halkara abraýynyň gürrüňsiz ýokarlanmagyny şertlendirjekdigini nygtady.

Ermenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, tutuş dünýäde Türkmenistanyň häzirki döwürde täze gazanýan üstünliklerine
yzygiderli syn edilýär we ýurtda ähli ugurlary, şol sanda sporty ösdürmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli oňyn özgertmeler uly goldawa eýe bolýar. Aşgabatda bina edilen ajaýyp Olimpiýa şäherjiginiň dünýä derejesindäki sport desgalary has-da haýran galdyrýar.

Dostlukly döwletleriň Liderleri duşuşygyň dowamynda türkmen-ermeni gatnaşyklaryny, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplaryň umumy pikirine görä, ynanyşmak hem-de birek-birege düşünişmek gatnaşyklarynyň häzirki derejesi Türkmenistana we Ermenistana hyzmatdaşlygy uzakmöhletleýin esasda ynamly ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi sapary türkmen-ermeni gatnaşyklaryny ösdürmekde täze möhüm sahypany açdy we özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga hyzmat eder.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orun degişli bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçmek bilen, netijeli gatnaşyklary berkitmek üçin täze ugurlary kesgitlemek babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Energetika, ulag toplumy, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş ýaly pudaklar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter