Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

опубликованно 11.06.2015 // 893 - просмотров
 

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol 12—14-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň yzygiderli durmuşa geçirýän netijeli daşary syýasat ugrunyň möhüm taraplarynyň biridir. Şunda BMG bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana häzirki saparynyň taraplaryň ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply özara hereketleri has-da pugtalandyrmaga ymtylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä derejesinde wajyp ugurlary öz içine alýan däp bolan şeýle hyzmatdaşlygyň netijesinde dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylan we häzir durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň beýanyny tapandygyny aýdyp, BMG bilen özara gatnaşyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş edýän ýörelgesini belledi.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk we döredijilik ýörelgelerine esaslanan syýasaty yzygiderli durmuşa geçirip, giň halkara hyzmatdaşlygyna eýermek arkaly, döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdini işläp düzmäge işjeň gatnaşýar hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny pugta ýerine ýetirýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň Watanymyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllygy bilen alamatlanýandygyny nygtap, mälim bolşy ýaly, ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” kararnamasynyň biragyzdan goldanandygyny we kabul edilendigini belledi. Munuň özi ýurdumyzyň sebit hem-de dünýä möçberinde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek işine goşýan uly goşandynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Türkmenistana bildirilýän belent ynamyň nyşany boldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — BMG netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmek babatda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň ýurdumyza ikinji gezek boljak saparynyň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, wise-premýere DIM-niň ýolbaşçysyna bu möhüm waka hem-de onuň çäklerinde göz öňünde tutulan ähli çärelere taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçiriljek Parlamentleriň zenan baştutanlarynyň 10-njy duşuşygy hem-ze Parlament baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahaty barada habar berdi.

Deputatlar ýurdumyzyň ösüşiniň täze taryhy tapgyrynyň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we döwletimiziň durmuşyna degişli beýleki ugurlaryň ösüşiniň meselelerini kadalaşdyrýan täze kanunçylyk taslamalaryny taýýarlamak işlerini dowam edýärler.

Şeýle hem şu ýylyň 31-nji awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Parlament baştutanlarynyň 4-nji Bütindünýä maslahatynyň geçiriljekdigi, onuň öňüsyrasynda ýagny, 29-30-njy awgustda Parlamentleriň zenan baştutanlarynyň duşuşygynyň geçiriljekdigi, duşuşygyň gün tertibine Pekin+20 platformasynyň çäklerinde Gender deňligini gazanmak meseleleriniň we durnukly ösüş Maksatnamasynyň giriziljekdigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, deputatlaryň döwlet düzümleri we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerlemegine gönükdirilen milli maksatnamalary hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça utgaşykly işiniň zerurdygyny belledi.

BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek forumlar barada aýtmak bilen,
milli Liderimiz parlamentleriň zenan baştutanlarynyň duşuşygynyň we parlament baştutanlarynyň maslahatynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny we oňa türkmen wekilýetiniň gatnaşmagynyň maksadalaýykdygyny belledi. Häzirki döwürde Türkmenistan demokratik özgertmeleri amala aşyrmak, dünýä bileleşigine işjeň goşulmak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda oýlanyşykly durmuş we gender syýasaty alnyp barylýar. Raýatlarymyzyň ählisi üçin deň hukuklar we mümkinçilikler döredilýär. Şeýle syýasaty alyp barmazdan, öňe gitmek mümkin däl diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyzyň taryhynda zenanlar görnükli orny eýeleýär we häzirki döwürde hem geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşýarlar, täze durmuşy gurmaga ägirt uly goşant goşýarlar. Zenanlara döwletimiz hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Olara jemgyýetimizde uly hormat goýulýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Watanymyzyň gazanýan üstünliklerine türkmen zenanlarynyň goşýan uly goşandyny, döwlet ähmiýetli meseleleri hem-de möhüm wezipeleri çözmekde mynasyp orny eýeleýändiklerini belläp, milli Liderimiz munuň adalat we deňhukuklylyk kadalaryna eýerýän sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biridigini aýtdy. Zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir.

Biziň bu ugurda alyp barýan işlerimizde demokratik gymmatlyklarymyz we milli däp-dessurlarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zenanlaryň ylym bilen meşgullanmaklary, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, aň-bilim, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleriň yzygiderli dörediljekdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada habar berip, Türkmenistanyň Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamagyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu resminama Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanynda 2013-nji ýylyň martyndan bäri hereket edýän Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Bu maksatnamada milli intellektual eýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek we halkara derejesine çykarmak, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasyna intellektual eýeçilik boýunça ýörite dersiň geçilmegini girizmek, döredilen täzeçillikleri, açyşlary we innowasiýalary hukuk taýdan goramak, olary ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda giňden ornaşdyrmak bilen bagly çäreleriň toplumyny göz öňünde tutýar. Şeýle hem intellektual eýeçilik ulgamynda halkara ylalaşyklaryna goşulmak meselesini öwrenmek, işgärleriň hünär taýýarlygy derejesini ýokarlandyrmak, degişli halkara guramalaryň we dünýäniň dürli ýurtlarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny guramak, milli intellektual eýeçiligine degişli maglumatlaryň ýeke-täk elektron binýadyny döretmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, barlaglaryň we işläp taýýarlamalaryň bäsdeşlige ukyply ulgamynyň, netijeli milli innowasion ulgamynyň döredilmeginiň hem-de intellektual eýeçiligiň hukuklaryny peýdalanmak we goramak boýunça edaralaryň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu maksatnamanyň kabul edilmeginiň ylmy-tehniki we çeper döredijiligi ösdürmäge, ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmaga, önümçiligiň, toplamagyň, intellektual eýeçiligine degişli önümleri goramagyň, netijeli peýdalanmagyň toplumlaýyn ulgamyny döretmäge, Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen resminamanyň düzgünleri boýunça birnäçe belliklerini we tekliplerini aýdyp, wise-premýere degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen bilelikde maksatnamanyň taslamasyny ýene-de bir gezek düýpli seljermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda galla oragynyň barşy barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda gowaça ideg edilişi, ekinleriň hatarara bejergisi, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de suw tutmak işleriniň alnyp barlyşy barada habar berildi.

Wise-premýer şeýle hem «Suw ýaşaýyş üçin, 2005—2015-nji ýyllar» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherine bolan iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Maslahatda ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýe bolan suw serişdelerini netijeli dolandyrmak we rejeli ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň, şol sanda suw bilen baglanyşykly meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň suw serişdeleriniň çeşmelerini dikeltmek we olary rejeli hem-de tygşytly ulanmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek bilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, galla oragyny öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek boýunça ähli çäreleriň geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz şeýle hem bol hasyl ýetişdirmek maksady bilen gowaça we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ählisiniň talaba laýyk geçirilmeginiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz zähmetsöýer daýhanlarymyzyň sarpasynyň hemişe belent tutuljakdygyny aýdyp, wise-premýere gallaçy kärendeçiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat bermek bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Bu maksatnama degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Onuň baş maksady ylmy tehnologiýa pudagyndaky möhüm ugurlarda ylmy barlaglaryň derejesini hil taýdan täze belentlige çykarmakdan, önümçilige ylmyň gazananlarynyň netijeli ornaşdyrylmagyna ýardam bermekden, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakda täzeçil tehnologiýalaryň esasy ornuny üpjün etmekden ybaratdyr.

Şeýle hem bu maksatnama umumydöwlet innowasion ugurdaky ylmy barlaglaryň maksatnamalaryny we meýilnamalaryny utgaşdyrmaga, degişli düzümleriň kämilleşdirilmegine we ösdürilmegine, pudakda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilendir. Ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi degişli kanunçylyk we kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň berkidilmegini, ylmy hem-de innowasion işlere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegini, oňa ýaşlaryň giňden çekilmegini, önümçilik we işewür ulgamy bilen ylmyň hem-de bilimiň gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyny şertlendirer. Ýurdumyzda innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda işleýän täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi üçin ähli şertler üpjün ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we mejlisie gatnaşyjylara ýüzlenip, 12-nji iýunda Türkmenistanda däp boýunça Ylymlar gününiň giňden we dabaraly bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz tutuş adamzadyň uly baýlygydygyny we ýurdumyzyň geljegi üçin ylmyň ösdürilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, häzirki döwürde ylmyň döwletimiziň öňünde durýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň möhüm şertidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimizi dünýäniň ykdysady taýdan öňdebaryjy, senagat taýdan ösen ýurtlarynyň birine öwürmek üçin ylym yzygiderli ösdürilmelidir. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine aýratyn üns berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz ylmy ösdürmek barada geljekde hem uly alada ediljekdigini aýdyp, ýurdumyzyň alymlarynyň we ähli ylmy işgärleriniň ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary, tutuş türkmen halkyny, ýurdumyzyň ähli alymlaryny we ylmy işgärlerini Türkmenistanda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglyk, abadan hem-de bagtyýar durmuş, alymlara bolsa, täze ylmy açyşlary arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ylmynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini nazarlaýan «Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» karara gol çekip, wise-premýere bu resminamany ýerine ýetirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa
22—27-nji iýunda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini we onuň çäklerindäki Halkara sungat sergisini, beýleki medeni çäreleri geçirmäge hem-de durmuş-medeni desgalarynyň açylmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Hasabatda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işiniň meseleleri barada aýdyldy.

Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleriniň gününe gabatlanan däp bolan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Türkmenabadyň medeni merkezlerinde milli ruhy-medeni mirasy giňden wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler guralar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň konserti, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň sungat ussatlarynyň çykyşlary, şygryýet agşamy, çagalar toparlarynyň çykyşlary, “Seýdi” sahna eseriniň we “Aýna” operasynyň ilkinji gezek görkezilişi bolar. Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde geçiriljek Halkara sungat sergisinde ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri gündogar sebitiniň taryhy-medeni ýadygärliklerine, goraghanalaryna hem-de syýahatçylyk zolaklaryna bagyşlanylan dokumental film görkeziler.

Mary şäherine 2015-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi mynasybetli Maryda hem-de Türkmenabatda medeniýet we sungat işgärleriniň konsertleri, dünýäniň dürli ýurtlarynyň meşhur alymlarynyň, sungaty öwrenijileriniň hem-de medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň merkezinde “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahat geçiriler.

27-nji iýunda medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli “Bitaraplyk” seýilgähinde baýramçylyk dabarasy bolar, ertesi bolsa Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň hem-de Halkara sungat sergisiniň ýapylyş dabarasy bolar.

Wise-premýer Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işini kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça hasabat berip, häzirki wagtda çeper, ylmy, okuw edebiýatlaryny, birnäçe gazetleri hem-de beýleki neşirýat önümlerini çap etmäge girişen Metbugat öýi toplumynyň ähli mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Häzirki zaman çaphana enjamlarynda işlemek üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini, onuň çäklerindäki çäreleri hem-de durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň açylyşyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramak boýunça görkezmeleri berip, öňde boljak döredijilik forumynyň milli ruhy mirasy, täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň gazananlaryny wagyz etmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu wajyp çäräniň çäklerinde meýilleşdirilen döredijilik çäreleriniň guramaçylyk derejesiniň onuň belent ruhuna laýyk gelmelidigini nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň işiniň meselelerine degip geçip, ýurdumyzda neşirýat işini ösdürmekde, çap edilýän gazet-žurnallaryň, okuw we ylmy edebiýatlaryň möçberini artdyrmakda, neşirleriň hilini gowulandyrmakda, neşirýat hyzmatlarynyň möçberini köpeltmekde Metbugat öýi toplumynyň kuwwatyny has netijeli peýdalanmagyň wajypdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleriň birnäçesini berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde wise-premýer Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň gurluşygynyň dowam etdirilýändigini aýtdy. Onuň taslamasynda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlaryny gurmak göz öňünde tutulýar, şol kärhanalar üçin bolsa degişli hünärmenleri taýýarlamak zerur bolup durýar. Şeýle hem ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasynyň uçurylmagy bilen baglylykda, täze kosmos pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berilýändigi habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda “Gämi gurluşygy” hem-de “Radioelektron ulgamlary we toplumlary” hünärlerini açmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň öňünde goýlan ägirt uly wezipeleriň çözülmegini üpjün etjek hünärmenleriň täze neslini taýýarlamagyň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz zerur hünärmenleri taýýarlamak meselesine ünsi çekip, bu teklibi makullady we wise-premýere bu babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Ulag babatynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-pakistan iş toparynyň Türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem milli Liderimiziň himiýa pudagyny ösdürmek babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmegi üpjün etmek hakyndaky kararlaryna laýyklykda, agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin oba hojalyk önümlerini öndürijileriň mineral dökünler — ammoniý superfosfaty, karbamid, ammiak selitrasy, kaliý dökünleri bilen üpjün etmek boýunça “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň meýilnamalaýyn wezipeleri ýerine ýetirişi barada habar berdi.

Şaly, gant şugundyryny, gök we bakja önümlerini öndürýän ekerançylary hem mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň garamagyndaky welaýat müdirliklerinde hem-de etrap “Dökünhimiýa” kärhanalarynda erkin bahadan bölekleýin satýan ýörite bölek-söwda nokatlarynyň 32-si açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň strategiki ulgamlarynyň biri bolan himiýa pudagynyň oba hojalygyny we obasenagat toplumyny üstünlikli ösdürmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek üçin uly ähmiýete eýedigini belledi. Oba hojalyk önümlerini öndürijileri mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen üpjün etmek geljekki ýokary hasylyň, zerur bolan azyk önümlerini öndürmegiň girewidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz himiýa senagatynyň öňünde mineral dökünleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça durýan wezipeler barada aýdyp, wise-premýere şol wezipeleri çözmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäheri boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda türkmen paýtagtyny ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynyň gurluşygy artýan depginler bilen amala aşyrylýar. Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde dürli ähmiýetli desgalaryň we binalaryň, şeýle hem ýollaryň we degişli inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklary alnyp barylýar. Şeýle hem Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde berjaý edilmegi göz öňünde tutulan işleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada maglumat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabadyň ähli etraplarynda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, döwlet we hususy ýaşaýyş jaý gaznasynyň binalaryny, kärhanalaryň, söwda merkezleriniň we bazarlaryň, seýilgähleriň birnäçesini abatlamak işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde ýerleşen Kulyýew köçesini döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde bina etmegi meýilleşdirýän desgalarynyň taslamalary beýan edilen şekiller görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz meýilleşdirilen ähli işleriň Aşgabadyň halkara syýasy, ykdysady, medeni we ylmy merkezleriniň hataryna goşulmagyna ýardam etmelidigini nygtady. Milli Liderimiz wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de M.Artykowa ýüzlenip, türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şol meýilnama ýaşaýyş jaý gaznasynyň öýlerini, durmuş ähmiýetli beýleki desgalary toplumlaýyn abatlamagy hem-de gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerinde tamamlanmagyny üpjün etmegi özünde jemleýär. Milli Liderimiz gurluşygy ösdürmegiň artýan depginleriniň bu işlere şu ulgamda üstünlik gazanýan ykdysadyýetimiziň döwlete degişli däl ulgamynyň kärhanalaryny barha giňden özüne çekýändigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer kuwwaty 1574 MWt bolan täze elektrik stansiýasynyň döwrebap tehnologiki desgalardan ybarat toplumdygyny habar berdi. Olaryň esasylary-da, 4 gaz turbinaly, 2 bug turbinaly desgalardan ybaratdyr. Çylşyrymly tehnologiki işleriň geçirilmegi netijesinde zyňylýan tüssäniň energiýasy ulanylyp, goşmaça elektrik energiýasy öndüriler. Türkiýäniň “Çalyk Enerji” kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan utgaşykly dolanyşykda işleýän bu tehnologiýa häzirki wagtda iň netijeli, howpsuz we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýa bolup durýar.
Mundan başga-da, täze elektrik stansiýasy milli elektroenergetika senagatynyň goşmaça kuwwatlyklaryny üpjün eder. Munuň özi Türkmenistanyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmaga hem mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ösmegi, täze zawodlaryň gurulmagy, uly we kiçi ilatly ýerleriň sanynyň yzygiderli artmagy bilen elektrik energiýasyna bolan islegleriň artýandygyny belledi. Türkmenistanyň özüniň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň isleglerini doly üpjün etmek üçin uly kuwwaty , şeýle hem sebitde elektrik energiýasyny köp möçberde iberýän ýurda öwrülmegi üçin hem ähli mümkinçilikleri bar. Tutuş ýurdumyz ýaly, bu pudak hem çuňňur özgertmeleri başdan geçirip, önümçilik hem-de durmuş ulgamynyň ösdürilmegi üçin kuwwatly binýady döredýär. Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk hem bu pudagyň kuwwatyny artdyrmak we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berjekdigini aýtdy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli meýilnamalaryny amala aşyrmakda bu pudaga möhüm orun degişlidir.

Kämil tehnologiýalar esasynda işleýän täze döwrebap elektrik stansiýalarynyň ulanmaga berilmegi bilen tutuş türkmen energiýa ulgamynyň işiniň has oňaýly ýagdaýyny kesgitlemäge we ornaşdyrmaga mümkinçilik peýda boldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary, netijeli, ygtybarly enjamlary hem-de serişdeleri ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 17—19-njy iýunda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Gözden geçirilişe esasy türk kompaniýalarynyň 140-dan gowragy gatnaşar, olar özleriniň önümlerini — gurluşyk enjamlaryny we serişdelerini, tehnologiýalaryny hem-de gurallaryny, ýörite tehnikalaryny, dürli gurluşlary we beýleki önümleri görkezer.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, şeýle işewür çäreleriň ýurdumyza eksport we maýa goýum kuwwatyny halkara jemgyýetçiligine giňden görkezmäge, önümçiligiň we tehnologiýalaryň dürli ulgamlarynda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatyna bagyşlanan sergini guramak meselesine degip geçip, ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň baý tejribä we uly kuwwata eýedigini hem-de milli ykdysadyýetleriň serişdelerini we üstünliklerini nazara almak bilen, olaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendigini belledi. Milli Liderimiz şeýle sergileriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde täsirli gural bolmalydygyny nygtap, sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra mejlise çagyrylan Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň nobatdaky goýberilişine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu dabara paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady. Milli Liderimiz bu toplumlaýyn strategiýanyň döwletimiziň Bitaraplyk derejesini we onuň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik daşary syýasat ugruny nazara almak bilen, harby we hukuk goraýjy düzümleriň işiniň esasy ugurlaryny kesgitleýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz edermen Watan goragçylarynyň hem-de hukuk goraýjylaryň Garaşsyz Türkmenistanda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek işine goşýan uly goşandyna ýokary baha berip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň nobatdaky goýberiliş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk hem-de berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter