Rustam Minnihanow: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy | TDH
Syýasat habarlary

Rustam Minnihanow: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy

опубликованно 23.09.2017 // 987 - просмотров
 

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidendi Ruslan Minnihanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ugratdy, ol ýerde Türkmenistanda mähirli kabul edilendikleri we Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabaralary mende uly täsir galdyrdy. Size Tatarystanyň wekiliýetiniň Aziada çärelerine gatnaşmagy ugrunda döredilen mümkinçilikler üçin sag bolsun aýdýaryn. Ýaryşlaryň üstünlikli geçmegini, Türkmenistanyň toparyna bolsa ýeňijileriň hormat münberinde mynasyp orun eýelemegini arzuw edýärin – diýip hatda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter