Öňdebaryjy lukmançylyk edaralary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň saglygynyň goragynda | TDH
Aşgabat-2017

Öňdebaryjy lukmançylyk edaralary «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň saglygynyň goragynda

опубликованно 23.09.2017 // 1156 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary gije-gündiziň dowamynda myhmanlara we ýaryşlara gatnaşyjylara dürli meseleler boýunça kömek berýän ýüzlerçe hünärmenlerden işiň ýokary netijeliligini talap edýär. Şeýle giň möçberli çärelerde lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy möhüm zerurlyk bolup durýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejeli işgärleri hut şeýle wezipeleri ýerine ýetirýärler.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň içinde we onuň ýanynda hereket edýän lukmançylyk merkezleri öňdebaryjy tehnologiýalar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, olarda dürli görnüşdäki lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek boýunça ýeterlik tejribesi bolan lukmanlar işleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilatyň saglygyny goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ony yzygiderli ösdürmek maksady bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, 2012—2016-njy ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň we bu ulgamyň işini kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitleýän beýleki maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy.

Olimpiýa şäherçesinde «Aşgabat 2017-niň» oýunlaryny geçirmek üçin ýörite Dikeldiş merkezi guruldy. Ol gije-gündiziň dowamynda türgenlere we beýleki adamlara hyzmat edýär. Merkez üç gatly binadan ybarat bolup, onuň ýerzemini bar. Binanyň umumy eýeleýän meýdany 7 müň inedördül metrden gowrak bolup, onda radiologiýa, ýürek-öýken kesellerini anyklaýyş otaglary, waakum terapiýa, galwanoterapiýa, ultra ses we fizioterapiýa barlaghanalary bar. Merkezde oftolmologiýa, stomatologiýa, geotologiýa, psihiatriýa, ginekologiýa we beýleki ugurlar boýunça ýokary derejeli hünärmenler lukmançylyk hyzmatlary alyp barýarlar.

Dikeldiş merkezinde ýaryşlar mahalynda şikes alan türgenler üçin hereketi barlamaga niýetlenen otag, refleksoterapiýa, syn ediş otaglary, dürli hereketleri ýerine ýetirmäge niýetlenen gimnastika zaly bar. Şeýle hem binada näsaglar üçin niýetlenen otaglaryň 8-si, owkalama otagy, elektroterapiýa howzy we beýlekiler hereket edýär.

Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen otaglarda gije-gündiziň dowamynda hyzmatlary ýola goýmak üçin şertler döredilipdir. Bu bolsa türgenleriň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün edýär. Dikeldiş merkezinde halkara akkreditasiýany geçen tejribeli sport lukmanlary we beýleki hünärmenler bilen bilelikde sport lukmançylygy hünäri boýunça bilim alýan Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň meýletinçi-talyplary hem işleýärler.

Mundan başga-da, oýunlara gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň saglygyny üpjün etmek boýunça işleýän türkmen hünärmenleri bilen bir hatarda Germaniýa Federatiw Respublikasyndan lukmançylyk ulgamynda işleýän bilermenleriň 22-si Aşgabada çagyrylyp, olar aýratyn çemeleşmeleri talap edýän näsaglara kömek bermekde biziň lukmanlarymyza maslahat berýärler.

Daşary ýurtly bilermenleriň belleýişleri ýaly, Olimpiýa şäherçesinde lukmanlaryň gyssagly we netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde iň kämil lukmançylyk enjamlary oturdylypdyr we nobatçylygy guramak bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlar göz öňünde tutulypdyr.

Ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, bu ýerde doping gözegçiligi merkeziniň döredilmegine hem aýratyn üns berlipdir. Her bir türgen ýaryşlaryň öňüsyrasynda türgenlere ulanmagy gadagan edilen serişdeleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýan synagy geçýär, onuň netijesinde ýaryşlar adalatly we dürs ýagdaýda guralýar.

«Aşgabat 2017» oýunlarynyň geçirilýän döwründe näsaglara dessine lukmançylyk kömegini bermek hem-de olary getirmek üçin Olimpiýa şäherçesiniň töwereginde ýöriteleşdirilen tiz kömek awtoulaglarynyň we reanimobilleriň nobatçylygy guraldy, olaryň bir bölegi türgenleriň we tomaşaçylaryň saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen ýörite satyn alyndy.

Reanimobilleriň tehniki enjamlaşdyryş toplumy monitorly defibrilýatorlary, emeli howa çalşyjy abzallary, linemat-şpris sorujylary, sorujylary, dürli göwrümli kislorod ballonlary, göterijileri, sargy we reanimasiýa serişdeleri bolan torbalary, adaty we pnewmatik tigirleri, otoskoplary, oftalmoskoplary, Ýewropa ölçeglerine laýyk gelýän derman serişdelerini, arassalaýyş çykdajy serişdeleri öz içine alýar.

«Tiz kömek» nobatçy awtoulaglary çagyrylan pursadynda birnäçe minutyň dowamynda gelip ýetişer ýaly şäherçäniň dürli künjeklerinde goýlandyr. Ulag serişdeleriniň her birinde ýokary derejeli hünärmenleriň topary bar, olar daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilýärler hem-de Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýörite şahadatnamalaryna eýedirler.

Reanimobilleriň enjamlaşdyrylmagynda agyr ýagdaýdaky näsagy iň ýakynda ýerleşýän lukmançylyk edarasyna howpsuz getirilmegini üpjün etmek göz öňünde tutulandyr.

Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Dikeldiş merkezi lukmançylyk kömegiň ilkinji berilýän ýeri bolup durýar. Oňa V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan türgenler we tomaşaçylar ýüz tutup bilýärler. Kömege mätäçlere lukmançylyk hyzmatyny ýola goýmak üçin tutuş Aşgabadyň çäginde islendik pursatda näsaglary kabul etmäge taýýar köp sanly lukmançylyk edaralary gije-gündiziň dowamynda işleýärler.

Paýtagtymyzyň günorta künjeginde iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň giden toplumy ýerleşýär. Olar türkmenistanlylaryň aýratyn buýsanjy we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň anyk netijesi bolup durýar.

Ol ýerde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Kelle we boýun keselleri bejerilýän Halkara merkez ýerleşýär. Merkez häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde şeýle görnüşdäki ýeke-täk düzüm bolup durýar. Bu ýerde türkmenistanlylara bolşy ýaly, «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen daşary ýurtly raýatlara ambulator we stasionar bejergiler berilýär. Bu ýerde bir we iki orunlyk otaglar ýerleşdirilip, olarda birbada 100 näsag bejergi alyp bilýär. Otaglarda aňrybaş amatlyklar we hyzmatlaryň ýokary derejesi üpjün edilipdir.

Merkeziň on bölümi bolup, olaryň hatarynda anyklaýyş-maslahat beriş, barlaghana we operasiýa, şeýle hem şöhle diagnostikasy bölümi, angiorentgenehirurgiýa, yzygiderli terapiýa, äň-ýüz hirurgiýasy, oftalmologiýa, otolaringologiýa we neýrohirurgiýa bölümleri bar. Merkezde häzirki zaman tehnikalary, şol sanda kompýuter tomografy, rentgen we ultrases enjamlary oturdyldy. Olar kelle we boýun ugurdaky keselleriň has irki pursatlaryny anyklamaga mümkinçilik berýär.

Operasiýa bölüminde gaýragoýulmasyz operasiýa otagyndan başga-da 4 otag bar. Ol birbada göze lazer bejergini geçirmäge, göz we diş hirurgiýasynda, neýrohirurgiýa ulgamynda çylşyrymly operasiýalary alyp barmaga mümkinçilik berýär. Germaniýanyň, Italiýanyň we ABŞ-nyň döwrebap enjamlarynyň kömegi bilen bu ýerde operasiýalaryň 30-dan gowrak görnüşi ýerine ýetirilýär.

Näsaglaryň operasiýadan soňky döwründäki dikeldiş pursadyny tizleşdirmek boýunça geçilýän bejergiler yzygider terapiýa bölüminde alnyp barylýar. Bu ýerde Germaniýanyň iň täze enjamlarynyň kömegi bilen ähli näsaglaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik alnyp barylýar.

Neýrohirurgiýa bölüminde Germaniýanyň önümleri bolan 2 we 3 binokulýar mikroskoplaryň we häzirki zaman neýroendoskopiýa enjamlarynyň kömegi bilen kelle çanaklygynyň bardasynyň işe ukyplylygyny barlap bolýar. Bölümde merkezi we daşky nerw ulgamyny bejermegiň öňdebaryjy usullary arkaly 20-den gowrak operasiýany ýerine ýetirmek ýola goýuldy. Olaryň hatarynda kelle we süňk beýnisiniň wenoz-kapilýar potologiýasynda mikroneýrohirurgiýa operasiýalary, metal gurnamalary ulanmak arkaly çylşyrymly operasiýalar, oňurgada, boýunda, döş we bil bölümlerinde dikeldiş operasiýalary, çişleri aýyrmak işleri bar.

Kelle we boýun kesellerini bejerýän halkara merkez öňdebaryjy lukmançylyk edarasy bolup durýar. Lukmanlar bu ýerde sport ýaryşlarynda şikes alan türgenleri gije-gündiziň dowamynda kabul edýärler, olaryň howpsuzlygyny üpjün edýärler we şikesleriň doly dikelmegini kepillendirýärler.

Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginde şeýle hem Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi ýerleşýär. 7 gatly merkeziň toplumy birbada 300 näsaga endokrinologiýa we hirurgiýa kömegini bermek üçin niýetlenen iki binadan bolup, olarda 120 orunlyk endokrinologiýa we 180 orunlyk hirurgiýa bölümleri ýerleşýär.

Merkezde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil usullary we ýokary tehnologiýaly enjamlary ulanylýar. Bu bolsa sport ýaryşlary mahalynda ýüze çykýan dürli şikesleri we keselleri ýokary derejede anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýär.

Gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde lukmanlaryň gije-gündizleýin işi ýola goýuldy. Bu ýerde kiçi operasiýa, funksional we anyklaýyş otaglary, intensiw we beýleki terapiýa otaglary hereket edýär. Bölüm göçme reanimasiýa we anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde Germaniýanyň we Ýaponiýanyň iň täze tehnikalary lukmanlaryň hyzmatynda. Olaryň hatarynda «Nihon Kohten Europe GmbH» portatiw defibrillýator, «Oxyllog 2000 Plus» emeli dem berýän ykjam enjam, «Mobilett Mira MaxSiemens» ykjam rengen enjamy we «Aplio 500 TUS-A-500/WA» we beýlekiler bar.

Fizioterapiýa bölüminde bejerişiň adaty görnüşi bilen bir hatarda häzirki zaman görnüşleri, şol sanda elektroterapiýa, ultrases, şöhle we infragyzyl, lazer we mikrotolkun terapiýasy «Endomed», «Curaplus» we «Sonoplus», «Endolaser» we Gollandiýanyň «Radarmed» kompaniýasynyň «Enraf –Nonius» enjamlarynyň kömegi bilen bejergi usullary ulanylýar. Magnioterapiýa, parafin-ozokerit applikasiýasy, refleksoterapiýa, darsonwalizasiýa we beýlekileri ulanmak mümkinçilikleri bar. Mundan başga-da, bölümde fitobar bolup, onda Türkmenistanyň çäginde bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan çaýlar we dürli melhemler hödürlenýär.

Merkeziň operasiýa bölümi sterilleşdirilen blok bilen bir hatarda 13 operasiýa zalyny özünde jemleýär. Olaryň üçüsi gaýragoýulmasyz hirurgiýa, umumyhirurgiýa we iki sany ortopediýa, torokal, plastik hirurgiýasy we urologiýa bölümleridir. Bu ýerde oturdylan ýokary tehnologiýaly enjamlar çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Hirurgiýa bölüminde aşgazan-içege, bagyr we öt ýoluny hem-de garyn boşlugynyň beýleki ýerleriniň hirurgiýa potolgiýasy bolan näsaglar bejergi alyp bilýärler. Şeýle hem bu ýerde Ýaponiýanyň wideolaparoskopiýa toplumy bolup, ol kiçi operasiýalar üçin ýokary tehnologiýaly täze mümkinçilikleri açýar.

Merkeziň ortopediýa bölüminde ýokary derejeli we ýokary tehnologiýaly hyzmatlary ýola goýmaga niýetlenen Germaniýanyň «Kari Stors» artroskopiýa enjamy bar. Onuň kömegi bilen egin, topuk we uýluk bogunlarynda artroskopiýa operasiýasy, kentlewügi we beýleki bogunlary dikeltmek boýunça operasiýalar ýerine ýetirilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan öz raýatlaryny hem-de daşary ýurtly myhmanlary ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de abadançylygyna gönükdirilen ynsanperwer syýasaty bilen şertlendirilendir. «Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşýan türgenler we myhmanlar Türkmenistanyň çäklerinde zerur bolan halatynda islendik lukmançylyk hyzmatynyň ediljekdigine ynanyp bilerler.

Ýöne iň gowusy sagdyn bolmakdyr. Munuň üçin bolsa «Aşgabat 2017» oýunlarda çykyş edýän türgenler ýaly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek hem-de sport bilen meşgullanmak gerekdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter