Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

опубликованно 02.06.2015 // 860 - просмотров
 

Aşgabat, 2-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2015-nji ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, türkmenistanlylaryň asuda we döredijilikli durmuşyny, ýurdumyzda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeleri üstünlikli çözmek babatda anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli Liderimize ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini kämilleşdirmek we ozal berlen görkezmeleri hem-de tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri geçirilen işler barada hasabat berdiler.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde hukuk goraýjy edaralar tarapyndan görülýän çäreler, şeýle hem jemgyýetde agzybirligi we jebisligi, gülläp ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda durnuklylygy we asudalygy saklamak maksady bilen, Milli howpsuzlyk ministrliginde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň esaslaryny berkitmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň möhüm ornuny belläp, parahatçylygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň, milletimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlarynyň töweregine berk jebisleşmeginiň türkmen halkynyň abadan durmuşynyň özeni bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda harby ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler barada durup geçip, öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, Watan goragçylarynyň gullugy hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek bolsa şol wezipeleriň esasylarydyr.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow şu ýylyň bäş aýynda Gullukda alnyp barlan işler, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi, ilkinji nobatda bolsa, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan Türkmenistanyň serhetlerindäki ýagdaý barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ata Watanymyzyň serhetleriniň ygtybarlylygyny we mizemezligini üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde işgärleri taýýarlamak, hünär bilimlerini hem-de iş tejribesini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiz biziň serhetlerimizi ygtybarly goramagyň örän jogapkärli borçdugyny, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşynda möhüm orny eýeleýän howpsuzlygyň we asudalygyň kepilidigini nygtap, serhet gullugynyň ähli düzümine Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny hem-de Türkmenistanyň döwlet serhediniň hemişe dostluk we doganlyk serhedi bolmagyny üpjün etmäge ýardam edýän hormatly gullugynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýew bäş aýyň dowamynda ministrlikde ýerine ýetirilen işler, hormatly Prezidentimiziň ozal beren, harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin has amatly şertleri döretmäge gönükdirilen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şol özgertmeler bolsa milli goşunymyzy kämilleşdirmäge we onuň kuwwatyny artdyrmaga, Bitaraplyk derejesine laýyklykda ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hasabatyň çäklerinde şeýle hem harby uçarmanlary taýýarlamakda alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara bileleşigi tarapyndan berlen hemişelik oňyn Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçnamalaryň berk berjaý edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, mukaddes Garaşsyzlygyň gazananlaryny hem-de ata-babalarymyzyň şöhratly ynsanperwerlik däplerini mynasyp dowam etdirýän türkmen halkynyň ýeten belent sepgitlerini ýadawsyz goramagyň täze taryhy eýýamyň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi.

Harby gullukçylary harby-watançylyk taýdan terbiýelemek boýunça yzygiderli geçirilýän işleriň netijesinde milli harby işgärleriň – eziz Watanymyza we mähriban halkymyza wepaly, ýokary hünärli hünärmenleriň täze nesli kemala geldi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz döwletimiziň öz tarapyndan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, söweşjeň we syýasy taýýarlygyň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş uçarmanlaryň hünärini kämilleşdirmek, düzümi döwrebaplaşdyrmak, tehniki binýady döwrebap, dünýäde iň kämil uçarlar bilen üpjün etmek babatda degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.

Şeýle hem Belent Serkerdebaşymyz esgerleriň dabara egin-eşiklerini synlap, olaryň milliligine we döwrebaplygyna üns bermegiň wajypdygyny belledi we onuň ykjam hem-de göze gelüwli bolmalydygy babatda ministre anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ministrligiň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek we dürli düzgün bozmalaryň öňüni almak, raýatlaryň kanuny hukuklaryny goramak, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň birkemsiz berjaý edilmegini gazanmak, ýol-ulag hereketiniň sazlaşykly hereketini yzygiderli ýola goýmak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny üpjün etmäge, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny goramaga ýardam edýän daşary işler edaralarynyň möhüm orny barada aýdyp, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň ählisiniň, hususan-da, ýangyn howpsuzlygyna we ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga jogap berýän edaralaryň işine yzygiderli gözegçilik etmegiň, ýurdumyzda ulaglaryň sanynyň köpelýändigini göz öňünde tutup, döwrebap awtoduralgalary gurmagyň, sürüjiler we pyýadalar bilen ýol hereketiniň howpsuzlygy barada işleriň geçirilmeginiň wajypdygyna ministriň ünsüni çekdi.

Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça hasabat döwrüniň dowamynda gözegçilik wezipeleriniň ýerine ýetirilişi prokuratura edaralarynda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň prokuratura edaralarynyň milli kanunçylygyň yzygiderli berjaý edilişine gözegçiligi üpjün etmek boýunça geçirýän işleriniň möhümdigini nygtap, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň işini mundan beýläk hem berk gözegçilikde saklamak, her bir işe jogapkärli çemeleşmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak boýunça hasabat döwründe geçirilen işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adyl kazyýet ulgamynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belläp, mundan beýläk hem işgärleri seçip almak we ýerli-ýerinde goýmak meselesine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Diňe işini gowy bilýän, kanunyň goragynda ygtybarly duran, halal we arassa adamlar kazy diýen belent ada mynasyp bolmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanowyň hasabatyny diňledi. Ol milli Liderimiziň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we ýaýradylmagyna garşy göreşmek boýunça başyny başlan maksatnamasynyň çäklerinde şu ýylyň bäş aýynda geçirilen çäreler hem-de bu ugurdaky işiň netijeleri barada hasabat berdi. Neşe we seri dumanladyjyy serişdeler bilen saklanan raýatlar barada wideoşekiller görkezildi.

Tassyklanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralary, saglygy goraýyş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji düzümler we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilatyň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli alnyp barylýar, raýatlarymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanmaga çekmäge gönükdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz adamlaryň bagtyýar durmuşyna hem-de abadançylygyna howp salýan nogsanlygy düýp-teýkary bilen aradan aýyrmak boýunça gullugyň öňünde goýlan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, jogapkär döwlet düzümleri, jemgyýetçilik we halkara guramalary bilen sazlaşykly işlemegiň, ilatyň arasynda, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda düşündiriş we öňüni alyş çärelerini giňden geçirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramow hasabat döwründe alnyp barlan işler we bu ulgama dünýäniň öňdebaryjy tejribesini hem-de umumy ykrar edilen halkara tejribesini ornaşdyrmak babatda ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz migrasiýa gullugynyň Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryny ösdürmek we pugtalandyrmak işinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýteirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetiren işleri, şeýle hem Halkara gümrük terminalynyň işi, desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary depginini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçirilýän dürli ulag serişdelerini we ýük konteýnerlerini talaba laýyk gözden geçirmek barada birnäçe tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap tehnologiýalary ulanmak, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň gözegçilik-geçirişi bölümleriniň işgärleri üçin usulyýet sapaklaryny hem-de amaly maşklary yzygiderli geçirmek arkaly iş usullaryny has-da kämilleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy.

Soňra Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň hasabat döwründe geçiren işleri barada hasabat berdi. Bu ministrligiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş babatda täze belent sepgitleri eýelemegini üpjün etmek üçin milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri geçirýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz ministrlik tarapyndan geçirilýän degişli işiň möhümdigini belläp, hereket edýän kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanunlary işläp taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Täze kabul edilýän kanunlar bolsa ýakyn geljek üçin döwlet ösüşiniň gaýragoýulmasyz wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, harby we hukuk goraýjy düzümleriň özlerine berlen tabşyryklaryň ählisiniň takyk we birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň hem-de diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde giň möçberli özgertmeleri geçirmäge örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyna Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini tehniki babatda berkitmegiň hem-de harby gullukçylaryň abadançylygy barada alada etmegiň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde burýan esasy wezipelerdigini nygtap, döwletimiziň mundan beýläk hem ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, türkmen halkynyň parahatçylygynyň, döredijilikli durmuşynyň, bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň özeni bolan milli goşunymyzyň güýjüni we kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça anyk ädimleri ätjekdigini belledi. Öňküsi ýaly, durmuş häsiýetli meselelere, ilkinji nobatda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek, olaryň zähmet çekmegi hem-de göwnejaý dynç almagy üçin zerur şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berler.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşýan ýolbaşçylardan şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy pugtalandyrmaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş nesli watançylyk we mukaddes harby borja wepaly gulluk etmek ruhunda terbiýelemäge aýratyn üns bermegi talap etdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde başga-da möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ähli şahsy düzümine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini bähbidine parahatçylygy, asudalygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter