Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

опубликованно 29.05.2015 // 808 - просмотров
 

Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Maligi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Husseýniň we premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň salamyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem Abdul Malik öz ýurdunyň Pakistanyň Hökümetiniň baştytanynyň golaýda Türkmenistana bolan resmi saparynyň barşynda onuň mähirli kabul edilendigi we türkmen paýtagtynda geçirilen gepleşikleriň ýokary derejesi üçin öz ýurdunyň Premýer-ministriniň adyndan hoşallyk sözlerini aýtdy. Pakistanyň ähli ulgamlarda uly üstünlik gazanan Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly halkyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Türkmenistanyň sebitdäki goňşy döwletler, hususan-da, Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bu ýurt bilen diňe bir çäk babatdaky ýakynlyk däl-de, taryhyň jümmüşinden gaýdýan medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygynyň hem birleşdirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda iri halkara guramalarynyň hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen asylly işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýokary derejede özara ynam we birek-birege hormat goýmak esaslarynda ýola goýlan gatnaşyklar, şeýle hem iki dostlukly ýurduň halkara durmuşynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy ýa-da gabat gelmegi hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili tutuş dünýäde bolşy ýaly, Pakistanda hem türkmen döwleti tarapyndan alnyp barylýan oňyn syýasata ýokary baha berilýändigini we doly goldanylýandygyny belledi, bu syýasat ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň esasynda durmuşa geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Ilçi öz ýurdunyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu turbageçirijiniň çekilmeginiň taslama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşine ýardam etjekdigine hem-de sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we myhman söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga degişli beýleki meseleleriň hem birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplaryň biragyzdan bellemegine görä, däp bolan medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda berlen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesiniň iki ýurduň gatnaşyklaryndaky ähmiýeti we möhüm orny aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz we Pakistan Yslam Respublikasynyň ilçisi hoşlaşanlarynda, iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter