Tegla Lorupe: bosgunlar topary türkmen Liderini öz Prezidentleri hasap edýärler | TDH
Syýasat habarlary

Tegla Lorupe: bosgunlar topary türkmen Liderini öz Prezidentleri hasap edýärler

опубликованно 27.09.2017 // 941 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyndaky başlangyçlary we tagallary üçin hoşallyklaryny we sagbolsunyny tüýs ýürekden beýan edip hat iberdi.

Ykbalyň emri bilen biz öz Watanymyzdan uzaklara düşdük we bosgunlara öwrüldik. Dürli syýasy we ykdysady çökgünligiň netijesinde, soňky birnäçe ýylyň dowamynda bosgunlaryň hatary barha artýar. Ýöne Siz ýaly paýhasly liderleriň tagallasy netijesinde, bosgunlarda öz ukyplaryny açyp görkezmek we özlerini doly derejeli adam hasaplamak mümkinçiligi döreýär. Gynansak-da, şeýle liderler häzirki döwürde köp däl. Özümiz barada aýdanymyzda bolsa, biziňki şowlady. Çünki Siziň şahsy başlangyjyňyz esasynda bize, hakykatdan-da, Türkmenistan ýaly jenneti şertleri bolan owadan, myhmansöýer we gülläp ösýän ýurtda bolmak bagty miýesser etdi – diýip hatda aýdylýar.

Siz Beýik Biribaryň ýaradan dünýäsinde iň parahat, asuda halkyň wekili bolup durýarsyňyz. Şeýle belent adamkärçilik, hormat, mähir, hoşniýetlilik, sylag-hormat we alada bilen gurşalyp, bu ýerde hiç hasan görmedik eşretimizi gördük. Beýik Biribar Size paýhas, çuňňur aň, mähirli ýürek we bimöçber çäksiz eçilipdir.

Biz, Halkara Olimpiýa kometetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýandygyny oňat bilýäris. Türkmenistan AOG-niň işine netijeli goşulmagy Türkmenistan sport ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hasaplaýarys. Biz Siz Aziýa döwletleriniň dünýä olimpiýa hereketlerine bolan gyzyklanmalarynyň ösdürilmegine ygrarlydygyňyza doly göz ýetirdik. Siziň häzirki döwürde sportuň asylly ýörelgeleriniň halklaryň arasynda özara düşünişmek we dostluk gatnaşyklarynyň möhüm guraly bolup durýandygy baradaky pugta ynamyňyzyň bardygyny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşyňyzda aýdypdyňyz – diýip Tegla Lorupe belleýär.

Bu oýunlar Türkmenistana dünýäniň sport giňişliginde giň möçberli ýaryşlary guramaga ukyply ýurt hökmünde mynasyp orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň goldaw bermegi we myhmansöýerligi netijesinde, bu oýunlara Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşandygy aýratyn şatlykly ýagdaýdyr. Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen Aziýa oýunlarynyň Siziň ýurduňyzyň ak mermerli paýtagtynda geçirilmegi dünýä sportunyň mundan beýläk-de ösüşine oňyn täsirini ýetirer. Aşgabatda geçirilen oýunlara tutuş dünýäniň ýurtlarynyň üçden bir böleginiň gatnaşmagy asylly parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriň aýdyň netijesidir. Bu oýunlaryň Ýer ýüzünde parahatçylygyň üpjün edilmeginde, halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýeti bolar.

Beýik adamkärçiligiňiz, parahatçylyk söýüjiligiňiz, tutuş dünýäde hyzmatdaşlygy we doganlyk gatnaşyklary berkitmäge bolan tagallalaryňyz Siziň asylly hereketleriňiziň halkara derejesinde giňden ykrar edilmegi bolup durýar. Siz olimpiýa hereketiniň beýik ynsanperwer ýörelgelerine goldanyp, Siz parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde bosgunlaryň olimpiýa toparynyň ägirt uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky bilelikdäki Jarnamanyň taslamasyny teklip etdiňiz. Ol BMG-niň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň jenewada geçirilen 36-njy maslahatynda kabul edildi. Jarnama laýyklykda, BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň agza ýurtlary bosgunlaryň we bosgunlar toparlarynyň iri halkara çärelerine gatnaşmagyny makulladylar. Ol 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiýa ýaryşlarynda ilkinji gezek öňe sürüldi. 2017-nji ýylyň 4-13-nji awgustynda Londonda geçirilen ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynda, indi bolsa Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bosgunlaryň çykyşlary guraldy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde bosgunlar üçin aýratyn ähmiýeti bolan Jarnamanyň kabul edilmegini öňe sürmegi Siziň ýurduňyzyň häzirki döwrüň ähluumy ynsanperwer meseleleriniň çözgüdinde eýeleýän ornuny dünýä bileleşigine nobatdaky gezek aýan etdi.

Türkmenistana bu oýunlary geçirmek baradaky hukugyň berilmegini Siziň ýurduňyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüji, bitarap, işjeň we hoşniýetli goňşuçylyk syýsatynyň oňyn netijesidigine biz has aýdyňlygy bilen düşünýäris. Dünýäniň onlarça döwletleriniň we halklarynyň wekilleri bilen bilelikde, taryhy ähmiýeti bolan oýunlara gatnaşmak biziň üçin uly hormatdyr – diýip hatda aýdylýar.

Aziýa oýunlarynyň türkmen ýörelgesi köpsanly tapawutly aýratynlyklara eýe boldy. Türkmen halkynyň beýleki medeniýetlere bolan hoşniýetliligi, hormatly gatnaşygy, parahatçylyk söýüjiligi şolaryň esasylarynyň biridir. Dünýäde dürli gapma-garşylyklaryň, ykdysady çökgünligiň bar mahalynda şeýle giň möçberli çäreleri guramak raýdaşlygy we parahatçylygy wagyz etmekde möhüm ädimdir. Ol tutuş dünýäde ýakyn wagtda parahatçylygyň, durnuklylygyň dabaralanjakdygyna bolan ynamy pugtalandyrýar. Bu bolsa biz—bosgunlar üçin aýratyn wajypdyr. Biz, bu oýunlara tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy dikeltmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde baha berýäris. Çünki, munuň üçin, ilkinji nobatda, milletine, dinine, gelip çykyşyna garamazdan, her bir ynsanyň hormat eýesi bolmagy zerurdyr. Şunda, adamlaryň arasynda özara hormat we hyzmatdaşlyk aýratyn möhümdir. Adamlar dünýä siwilizasiýasyny goramak ugrunda wajyp işleri bitirmelidir. Çünki adamzadyň geljegi medeniýetleriň özara gatnaşygyna bagly bolup durýar.

Biz bosgunlar toparyna oýunlara gatnaşmaga iberen çakylygyňyz üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris we bu çözgüdiň durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda üpjün edilmeginiň zerurdygyny bellemek isleýäris. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasy ýörelgeleriniň amala aşyrylmagynyň baş şertini emele getirýär. Bu bolsa bosgunlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, bize ynam bildirmek maksady bilen, “hiç kim unudylmaly däldir” diýen şygaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär.

Siziň bize bolan gatnaşygyňyz, aladaňyz we ähli amatly şertleriň döredilmegi bize, hormatly Prezident, Sizi diňe bir ajaýyp Watanyňyzyň Prezidenti däl, eýsem, bosgunlaryň Prezidenti diýip atlandyrmaga esas berýär – diýip, bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe pikirlerini beýan edýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter