Türkmenistanyň Prezidenti zehinli çagalaryň bäsleşigine gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi | TDH
Medeniýet

Türkmenistanyň Prezidenti zehinli çagalaryň bäsleşigine gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi

опубликованно 29.09.2017 // 996 - просмотров
 

Döwlet Baştutanymyz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly ajaýyp bäsleşige gatnaşyjylary gutlady. Onda şeýle diýilýär:

Mähriban çagalar!

Eziz körpeler!

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň taryhyna şanly wakalar altyn harplar bilen ýazylýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen hem-de dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Ykdysady taýdan kuwwatlanyp, uly ösüşlere eye bolýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýetilýän belent sepgitlerden, gazanylýan uly üstünliklerden ruhlanýan merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyny, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününi buýsanç duýgulary bilen mynasyp garşylaýar.

Däp bolşy ýaly, her ýyl ýurdumyzda zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryndaky joşgunly çykyşlar Garaşsyzlyk baýramynyň toy dabaralaryna badalga berýär. Sungat äleminiň ýaş zehinleri bolan siziň hemmäňizi bu ajaýyp aýdym-saz baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Geljekde hem siziň milli sungatymyzy baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek üçin täze-täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize, medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza, kalbyňyzdan joşup çykýan ýakymly aýdymlar bilen bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Bagtyýarlyk döwrümiziň saýrak bilbilleri!

Siziň şirin owazly, joşgunly aýdym-sazlaryňyzda bagtyýar zamanamyzyň belent ruhy ýaňlanýar. Şonuň bilen birlikde, bu aýdym-sazlarda ösüşleriň täze belentliklerine barýan berkarar Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň, täsin gözelliklere bay ajaýyp tebigatymyzyň waspy ýetirilýär, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimiz dabaralandyrylýar. Sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň - siziň çaga kalbyňyzdan joşup çykýan ajaýyp sungat eserleriňiz eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza söýgi-buýsanjyň, wepalylygyň hakyky beýanydyr. Siziň bagtyýar döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlaryňyz watandaşlarymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk we joşgun paýlaýar!

Siziň jadyly owazlaryňyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, berkararlygymyzy we bagtyýarlygymyzy wasp edýän, şan-şöhratymyzy dünýä ýaýýan täsin gudratdyr, durmuşa söýginiň hem-de ruhubelentligiň egsilmez çeşmesidir.

Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy täze belentliklere çykarmakda siziň aýdym-sazly çykyşlaryňyzyň orny hem örän uludyr. Ýurdumyzda ýaş nesliň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde we ösdürmekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de kämilleşdirmekde bu aýdym-saz bäsleşigi uly ähmiýete eýedir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän hem-de sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň, döredijilik öýlerinde tälim alýan zehinli çagalaryň - milli sungatymyzyň ýaş höwesjeňleriniň arasynda uly meşhurlyga eye bolup, täsirli çykyşlara bay aýdym-saz baýramçylygyna öwrüldi. Dostluga wepalylygy, päk ýürekliligi, ynsanperwerligi özlerine ýörelge edinen mähirli, göwnaçyk we bagtyýar çagalarymyza biz örän guwanýarys, olara beýik geljegimiz hökmünde garaýarys.

Mähriban çagalar!

Bagtyýarlyk döwrümizde ýaş neslimiziň zehinli, başarnykly, arassa ahlakly we beden taýdan sagdyn bolmagy zerurdyr. Sebäbi, eziz Watanymyzyň beýik geljegi bagtyýarlyk baýdagyny belentde tutýan ýaş nesillerimize baglydyr.

Siziň geljekde hem ata-babalarymyzyň öwüt-nesihatlaryna, ynsanperwer ýörelgelerine pugta eýerip, milli medeniýetimize, şirin owazly, çuň many-mazmunly aýdym-saz sungatymyza bolan egsilmez söýgiňiz, buýsanjyňyz bilen dostlugy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygy wasp etmekde yhlasyňyzy görkezjekdigiňize ynanýaryn.

Dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edişi ýaly, Turkmenistan bagtly çagalygyň ýurdy, arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesidir. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, siziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegiňiz üçin ähli şertleri döredýäris. Biz geljekde hem siziň döwrebap bilim-terbiýe almagyňyz, sport, döredijilik bilen meşgullanmagyňyz, zehiniňizi kämilleşdirmegiňiz üçin zerur bolan ähli tagallalary ederis.

Mähriban çagalar!

Eziz körpeler!

Sizi Türkmenistanyň Milli baýramyna - Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigiňiz mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bäsleşikde siziň her biriňize üstünlikleriň hemra bolmagyny, geljekde ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraýyna-abraý, şöhratyna-şöhrat goşjak sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýetişmegiňizi arzuw edýärin!

Goý, siziň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleriňiz - şirin aýdymlaryňyz, joşgunly sazlaryňyz Yer ýüzüne giňden ýaýylsyn!

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter