Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň wise-premýer-ministrini kabul etdi

опубликованно 27.05.2015 // 834 - просмотров
 

Aşgabat, 27-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ukrain toparynyň 4-nji mejlisine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň wise-premýer-ministri, Sebitleýin ösüş, gurluşyk we jemagat hojalygy ministri Gennadiý Zubkony kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Ukrainanyň Prezidentiniň mähirli salamyny we tutuş türkmen halkyna bagt, parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň “açyk gapylar” syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirýän ähli taraplar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerinde üstünlikli ösdürilýän däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alşyldy.

Milli Liderimiz iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda köpýyllyk gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanmak bilen belläp, özüni ýokary derejede hem-de hökümet derejesinde gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly hökmünde görkezen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini belledi.

G.Zubko ukrain tarapyndan başlyklyk edýän bilelikdäki toparyň işine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek şu gezekki mejlise gatnaşyjylaryň köpugurly döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz we Ukrainanyň wise-premýer-ministri uzakmöhletleýin türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwletara gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryny, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamda, ýangyç-energetika toplumynda we ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetara toparynyň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleri bolan energetika, maşyngurluşygy, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda, obasenagat toplumynda, medeni-gumanitar ulgamda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berler. Türkmenistanyň çäklerinde Ukrainanyň gurluşykçylarynyň we taslama institutlarynyň gatnaşmagynda täze bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman hökümetara toparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna pugta ynam bildirdiler. Bu mejlis däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Duşuşyga Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Walentin Şewalýew gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter