Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Türkmenistana resmi sapar bilen geler | TDH
Syýasat habarlary

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putin Türkmenistana resmi sapar bilen geler

опубликованно 29.09.2017 // 1122 - просмотров
 

2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň Türkmenistana resmi sapary başlanýar. Bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça amala aşyrylar.

Ählumumy gün tertibiniň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, halkara terrorçylygynyň, ekstremizmiň howplaryna garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak ýaly esasy meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň garaýyşlary ýakyndyr.

Ýurtlaryň ikisi hem köp ugurlar, şol sanda söwda-ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlary hem-de obasenagat toplumynyň meseleleri boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy däp bolan ynsanperwerlik gatnaşyklaryny, şol sanda bilim, ylym we amaly barlaglar, medeniýet hem-de döredijilik alyşmalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini belleýärler.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň netijeleri boýunça ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge we ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter