Fransiýanyň Prezidenti türkmen Liderini V Aziýadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Fransiýanyň Prezidenti türkmen Liderini V Aziýadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

опубликованно 01.10.2017 // 951 - просмотров
 

Size, hem-de Türkmenistanyň halkyna 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Siziň paýtagtyňyzda bu örän möhüm wakanyň geçirilmegi şol 11 günüň dowamynda Aşgabady Aziýanyň sport paýtagtyna öwrüp, yklymyň çäklerinden çykdy hem-de tutuş dünýäniň sport muşdaklarynyň ünsüni Türkmenistana gönükdirdi, tomaşaçylar bu oýunlar arkaly Türkmenistanyň tebigat gözelliklerini we mirasyny özleri üçin açdylar, şeýle hem onuň ýaşaýjylarynyň däp bolan myhmansöýerligini duýdular.

Siz Okeaniýanyň 19 ýurdunyň we çäkleriniň wekiliýetlerini bu oýunlara gatnaşmaga çagyrdyňyz we şunuň bilen baglylykda, Ýuwaş ummanynda ýerleşýän ýurdumyza degişli iki çägiň-Fransuz Polineziýasynyň hem-de Täze Kaledoniýanyň türgenleriniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda Fransiýa Respublikasyna wekilçilik edendiklerini bellemäge şatdyryn.

Hormatly jenap Prezident, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter