Türkmen we russiýaly Liderler Hazar deňziniň köptaraplaýan hyzmatdaşlygy meselesine seretdiler | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen we russiýaly Liderler Hazar deňziniň köptaraplaýan hyzmatdaşlygy meselesine seretdiler

опубликованно 02.10.2017 // 1049 - просмотров
 

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzyň Hazar deňzindäki goňşusy bolup durýandygyny belläp, Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.

Bu ugurda, aýratyn-da, soňky ýyllarda köp işler bitirildi. Hazar deňziniň derejesi baradaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlenilmegi tamamlanyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň nobatdaky V maslahatynda oňa gol çekiljekdigine umyt bildirdi.

Bu gün iri ulag merkezi hökmünde Hazar deňziniň orny anyk ýokarlanýar. Munuň özi Hazarýaka ýurtlarynyň özleriniň arasynda bolşy ýaly, daşarky bazarlara çykmak babatda hem söwda-ykdysady aragatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly taraplaryny açýan strategiki ugurdyr. Özara hereket etmegiň ulag düzüm bölegi mäkäm hukuk binýadyny talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, biz Hazarda söwda-ykdysady we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň kabul edilmegi ugrunda çykyş edýäris hem-de Hazarýaka döwletleriň V maslahatynda bu resminamalara gol çekiljekdigine umyt edýäris diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli hem-de hoşniýetli özara gatnaşyklary dowam etmegi möhüm hasaplaýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter