Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Bolgariýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady

опубликованно 19.05.2015 // 825 - просмотров
 

Aşgabat, 19-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Maýa Hristowadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy, bu syýasat bolsa Türkmenistany dünýäniň iň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşdy. Doly ygtyýarly wekile ýurdumyzda amala aşyrylýan we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen milli taslamalaryň hem-de maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy barada gürrüň berildi. Diplomat türkmen parlamentiniň düzümi we kanunçykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy.

Hanym Maýa Hristowa Garaşsyz Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmelere ägirt uly gyzyklanma bildirip, gysga döwrüň içinde durmuş-ykdysady we medeni ulgamda haýran galdyryjy üstünliklere eýe bolan döwletde öz ýurduna wekilçilik etmegiň belent mertebedigini belledi. Bolgariýanyň doly ygtyýarly wekiliniň aýdyşy ýaly, türkmen hem-de bolgar halklarynyň köpýyllyk ykdysady hyzmatdaşlygy we dostlugy iki ýurduň mundan beýläk-de doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegi üçin kuwwatly binýat bolup hyzmat edýär.

Türkmen-bolgar gatnaşyklarynyň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda, gurluşykda, ylym-bilim we medeni ulgamlarda, syýahatçylykda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda ähli ugurlar, şol sanda giň parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde oňyn döwletara gepleşiklerini işjeňleşdirmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

***

Şu gün Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde hem-de “Türkmengaz” döwlet konserninde boljak duşuşyklaryň barşynda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter