Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

опубликованно 15.05.2015 // 983 - просмотров
 

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary-da çagyryldy. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda uly baýram – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Konstitusiýanyň ýokary depginler bilen ösýän berkarar döwletimiziň sarsmaz hukuk binýadydygyny belläp, Esasy Kanunymyzda halkymyzyň döwlet gurmakda köpasyrlyk tejribesiniň, halkara hukugynyň esasyny düzýän kadalaryň, häzirki zaman demokratik taglymatlaryň jemlenendigini nygtady. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmegiň üýtgewsiz kepili bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Onda jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr diýlip kesgitlenendir.

Milli Liderimiz döwletimiziň täze taryhy ösüş ýolunda Esasy Kanunymyz has-da kämilleşdirildi, onda örän möhüm taryhy wakalar hukuk taýdan öz beýanyny tapdy, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkidildi diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, baş Kanunymyzyň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda rejelenen görnüşiniň tassyklanmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda täze taryhy döwrüň başlanandygyny alamatlandyran uly waka boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramy bilen sazlaşykly gelmeginde çuňňur many bar diýip bellemek bilen, milli Liderimiz olaryň örän çuňňur arabaglanyşygyny nygtady. Akyldar şahyrymyzyň türkmen halkynyň bir bitewi döwletde agzybir durmuş sürmegi hakyndaky beýik arzuwlary biziň günlerimizde hasyl boldy.

Baş Kanunymyz we akyldar şahyryň parasatly garaýyşlary Garaşsyz döwletimiziň synmaz binýadyny döretdi, halkymyzy jebisleşdirýän egsilmez güýje öwrüldi. Konstitusiýa gününiň Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gabat gelmegi beýik şahyryň arzuw eden özygtyýarly döwletinde türkmen halkynyň parahatçylykly, bagtyýar we abadan durmuşynyň berkarar bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, olary we tutuş halkymyzy ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, egsilmez bagt, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri Ý. Berdiýewe söz berdi, ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek barada Permanyň taslamasy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsi geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, asylly däbimize eýerip, ýetip gelýän ählhalk baýramçylygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen jemi 1202 raýatyň günäsini geçmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz milli howpsuzlyk ministrine ýüzlenip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk güni öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Biz şular ýaly sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin mümkinçilik döredýäris diýip, milli Liderimiz nygtady we welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmagy, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew
häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky”hem-de “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararlaryň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Birinji maksatnamanyň çäklerinde himiýa pudagynyň, senagat we ýeňil senagaty ulgamlarynyň, oba hojalygynyň, azyk senagatynyň, derman senagatynyň ösüşine gönükdirilen 33 taslamany durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Ikinji maksatnama 81 taslamanyň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Onda gurluşyk, himiýa, durmuş ulgamyna degişli we ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümleriniň giň sanawyny ýola goýmak boýunça häzirki zaman kärhanalary gurlar. Mundan başga-da, et-süýt, gök we balyk önümlerini gaýtadan işlemek, ugurdaş önümçilik düzümlerini gurmak meýilleşdirilýär. Ähli kärhanalarda iň öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp
milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşine ýardam bermäge, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna we türkmen döwletiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen “Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky”hem-de “Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” kararlara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu resminamalarda bellenilen ähli çäreleriň öz wagtynda durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli ministrlikleriň we pudaklaryň işine berk gözegçilik etmegiň zerurdygy barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan netijeli işi hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 23 ýyllygy we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär, onuň gün tertibine möhüm kanunçylyk taslamalarynyň we kararlaryň taslamalarynyň, şol sanda rielterlik işi, raýatlaryň saglygyny goramak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de beýlekiler bilen baglanyşykly kanunçylyk taslamalarynyň birnäçesine garamak meseleleri giriziler

Deputatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 23 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmagy barada habar bermek bilen, milli parlamentiň ýolbaşçysy 16-njy maýda Mejlisde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyk we parahatçylyk” atly maslahatyň boljakdygyny, oňa syýasatşynaslaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, mugallymlaryň, aspirantlaryň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda döwletiň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýet durmuşynyň ähli ulgamlarynda kanunyň rüstemligini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän kanunçylyk resminamalarynyň işlenip taýýarlanylmagynyň ähmiýetini belläp, bu işleri amala aşyrmagy häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryny hasaba almak bilen geçirmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň türkmen jemgyýetiniň okgunly ösüşinde, türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn durmuş we demokratik özgertmeleriň geçirilmeginde aýratyn ähmiýetini nygtap, “Türkmenistanyň Konstitusiýasy: döwletlilik, adalatlylyk, ylalaşyk we parahatçylyk” atly maslahaty we baýramçylyga gabatlanan beýleki çäreleri halkymyzyň saýlan wekilleriniň işjeň gatnaşmagynda hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Öňde boljak baýramçylyk dabaralary belent milli ahlak ýörelgeleri, kanunyň rüstemligini hem-de halkara hukuk kadalaryna ygrarlylygy, ähli oňyn we öňdebaryjy ýörelgeler üçin açyklygy özünde jemleýän türkmen döwletliliginiň esaslarynyň mizemezdigini alamatlandyrmalydyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň işi, hormatly Prezidentimiziň Awstriýa Respublikasyna we Sloweniýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede Wenada we Lýublýanda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça däp bolan dostlukly, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzakmöhletleýinlik esasda guralýan türkmen-awstriýa hem-de türkmen-slowen gatnaşyklary we tutuşlygyna Ýewropa Bileleşigi ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şeýle hem milli Liderimiziň “Türkmenistan—abadançylygyň we rowaçlygyň ýurdy” atly täze kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilendigi bellenildi. Onuň sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň çykyşlarynda we baýramçylyk mynasybetli türkmen halkyna iberen gutlaglarynda köpsanly pähimler getirilýär, milli Liderimiziň oňyn syýasaty we halkara başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe bolýar.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy hem-de 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada habar berdi. Mälim bolşy ýaly, bu Maksatnamada ýurdumyzda we daşary ýurtlarda maslahatlaryň guralmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bu senelere bagyşlanan makalalaryň çap edilmegi, dürli metbugat neşirleriniň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda we daşary ýurtlaryň birnäçesinde 52 forumyň geçirilendigi, tele we radio gepleşikleriň ýaýlyma goýberilendigi, sergileriň we sport ýaryşlaryň guralandygy habar berildi. Milli we halkara derejesinde giňden bellenilýän şanly senä gabatlanyp, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde 116 makala çap edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk hem parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan we ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň bähbidine oňyn halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirjekdigini belledi.

Milli Liderimiz Awstriýa Respublikasyna we Sloweniýa Respublikasyna amala aşyrylan saparlaryň jemlerine ünsi çekmek bilen, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen gazanylan ähli ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin netijeli çäreleriň guralmagynyň, umumy bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň kuwwatly mümkinçilikleriniň herekete girizilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz munuň döwletara derejesinde hem, soňky ýyllarda işjeň häsiýete eýe bolan Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek we dünýäniň ähli döwletleri bilen dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam berjek halkara derejeli dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bu jogapkärli işe köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen birlikde, ähli hökümet agzalarynyň, beýleki ýolbaşçylaryň işjeň goşulmalydygyny we mynasyp goşant goşmalydygyny nygtady. Olaryň ählisi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin biziň ýurdumyza we halkymyza uly ähmiýeti bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyna bagyşlanan mowzuklaýyn çykyşlary we makalalary taýýarlamalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow çykyş etdi. Ol ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda gowaçalara ideg etmek işleri alnyp barylýar, beýleki agrotehniki çäreler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi tamamlandy, ot-im taýýarlamak işleri dowam edýär.

Şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2015-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumyny depginli ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça geçirilýän çäreleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda 2015-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakyndaky” kararyň hödürlenen taslamasyna gol çekip, degişli wise-permýerlere we Türkmenistanyň IIM-niň ýolbaşçysyna bu karary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklar berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, galla oragynda peýdalanyljak kombaýnlaryň tehniki üpjünçiligine, ýygnalan hasyly ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak, gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyklar geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanylmagy zerurdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa şu aýda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, “Soňky jaň” we Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şeýle hem Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günlerini guramaçylykly geçirmek babatda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ählihalk baýramçylyklaryna, medeni çärelere taýýarlygyň çäklerinde Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasyna hem-de Magtymguly Pyragynyň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde oturdylan heýkellerine gül goýmak dabarasy, maslahatlar, edebi agşamlar, çeper okaýyşlar, teatr çykyşlary we konsertler göz öňünde tutuldy.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda birbada “Arkadag”, “Abadançylyk”, “Ýyldyz”, “Ylym”, “Ak bugdaý” we “Sagdynlyk” binalary açylar. Ol dabaralar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşar. 19-25-nji maý aralygynda paýtagtymyzyň medeniýet ulgamyna degişli edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde, orta mekdeplerde we sport toplumlarynda baýramçylyk duşuşyklaryny, maslahatlary, sergileri, konsertleri we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak meýilleşdirildi. 20-nji maýda “Mekan” köşgünde şäheriň künjeginde göwnejaý ösümlik zolagyny döretmek, iň gowy makala, goşgy, proza eserini ýazmak, aýdym we surat eserlerini döretmek boýunça yglan edilen döredijilik bäsdeşliginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler. Ak mermerli türkmen paýtagtyna bagyşlanyp, Aşgabat şäheriniň çagalar sungat mekdepleriniň arasynda bäsleşikler guralar.

Maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli medeni çäreler guralar. Onuň çäklerinde paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň kinokonsert merkezlerinde, seýilgählerde we teatrlarda baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

Wise-premýer Türkmenstanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günlerine taýýarlyk barada aýtmak bilen, dostlukly ýurda düzüminde medeniýet hem-de sungat işgärleri, meşhur aýdymçylar we sazandalar, tans toparlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bolan ýörite toparyň ugradylýandygyny aýtdy. Medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat we syýahatçylyk ministrliginde duşuşyklar, konsertler, ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi guralar, türkmen kinofilmleriniň görkezilişi bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk baýramçylyklary we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerine ünsi çekmek bilen, bu dabaralaryň halkymyzyň ruhuny götermäge, olary has-da jebisleşdirmäge, adamlarda ýokary ahlak duýgularynyň kemala gelmegine, Magtymgulynyň döredijilik mirasyna halk söýgüsiniň we hormatynyň äşgär edilmegine gönükdirilmelidigini belledi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz daşary ýurtlarda geçirilýän medeni çäreleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, olaryň dostlukly döwletler bilen giň möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilýändigini we olaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugry esasynda amala aşyrylýandygyny nygtady. Biz bu işleri mundan beýläk-de dowam ederis. Milli Liderimiz bütin dünýäde ýurdumyza bolan gyzyklanmalaryň barha ýokarlanýandygyny belläp, wise-premýere Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasynda geçiriljek Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň netijeleri, şeýle hem Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresine we onuň bilen bagly geçirlýän halkara sergisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, bu çäreler şu ýylyň 19-21-nji maýy aralygynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Bellenilişi ýaly, foruma daşary ýurt wekilleriniň 250-den gowragy gatnaşar, olaryň hatarynda döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Türkmenistanyň VI halkara Gaz kongresiniň gün tertibine energetika ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, türkmen gazynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek, täze döwletara gaz geçirijilerini gurmak, energetika taslamalary amala aşyrylanda daşky gurşawy goramak, dünýä gaz bazarynyň häzirki we geljekki ýagdaýy baradaky meseleler giriziler. Pudakda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynda, dürli gazhimiýa önümlerini öndürmekde toplanylan halkara tejribesine aýratyn üns beriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk meýdança bolup hyzmat etjek VI halkara Gaz kongresiniň ähmiýetini belläp, forumyň bu möhüm ulgamda özara peýdaly gepleşikleri we tejribeleri alyşmagy giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ägirt uly ýangyç serişdelerine eýe bolmak bilen, energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga uly üns berýär we sebit hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň oýlanyşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere VI halkara Gaz kongresiniň we onuň bilen bagly geçirilýän serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrliginiň sanly telefon beketlerini satyn almak we gurnamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer Aragatnaşyk ministrligiň hünärmenleri tarapyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerleri telefonlaşdyrmak maksady bilen tehniki şertleriň taýýarlanandygyny habar berdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň 182 ilatly ýerinde 134 656 belgilik häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän 203 sanly telefon bekedini gurnamak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklaýyn düzümi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň, öňdebaryjy enjamlary we tehnologiýalary ulanmagyň netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň köp şahaly ulgamy üstünlikli işleýändigini, maglumatlar serişdeleriniň terminalynyň işlenip taýýarlanylýandygyny nygtady.

Awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň ösen ulgamy, şol sanda sanly telefon beketleri aragatnaşygyň ýokary hilli hyzmatlaryny, şeýle hem giň zolakly Internete birikmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Döwletara telefon aragatnaşygyny giňeltmek maksady bilen, transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam edýär.

Milli Liderimiz telefon aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak meselesine ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri çözmekde degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän senagat ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, halyçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de maý aýynyň ahyrynda belleniljek Türkmen halysynyň baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Wise-premýer pudagyň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmek üçin täze ýokary öndürijilikli enjamlary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Şeýle-de baýramçylyk günlerinde, 30-31-nji maýda Türkmen halysynyň milli muzeýinde däp bolan “Türkmen halysy-türkmeniň kalby” atly halkara sergisiniň hem-de onuň çäklerinde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XV mejlisiniň geçiriljekdigini habar berildi. Bu forumlar myhmanlary pudagyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrar, şeýle hem hyzmatdaşlar bilen möhüm işewür duşuşyklary geçirmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň milli halyçylygy ösdürmäge ägirt uly serişdeleri goýberýändigini belledi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçylyk däpleri döwrebap esaslarda ösdürilýär. Milli Liderimiz bu ulgamyň giň mümkinçiliklere eýedigini nygtap, pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagyň we ýurdumyzyň dokma we haly önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenilýän möçberlerini artdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow golaýlaşyp gelýän Türkmen halysynyň baýramy ilen baglanyşykly meselä ünsi çekip, çeper elli halyçylaryň köp nesilleriniň döredijilikli zähmetini özünde jemleýän milli halyçylygyň türkmen halkynyň gadymy sungatlarynyň biridigini, onuň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ähli döwürlerde türkmen halkynyň zehinini we ruhubelentligini wasp eden bu sungaty ösdürmegiň, gadymy halylaryň nusgalaryny dikeltmegiň, täze eýýamyň ruhuny beýan edýän täsin haly eserlerini döretmegiň halyçylaryň häzirki nesilleriniň esasy wezipeleriň bolup durýandygyny belläp, bütindünýäde milli halyçylyk pudagynyň gazananlaryny wagyz etmek işinde geçirilýän pudaklaýyn forumlaryň möhüm ornuny we ähmiýetini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat bermek bilen, milli Liderimiziň garamagyna iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak baradaky kararyň taslamasyny hödürledi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky” Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 28-nji fewralynda iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky Düzgünnama, şeýle hem öndürilen mahalynda we Türkmenistanyň çägine getirilende döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişli bolmadyk iýmit önümleriniň sanawy işlenip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, täze Düzgünnamada önümleriň döwlet belligine alynmagynyň resmileşdirilmegini ýönekeýleşdirmek we degişli güwänamalary bermegiň möhletlerini gysgaltmak işleri göz öňünde tutulýar.

Döwlet tarapyndan bellige almak hem-de döwlet sanawyny ýöretmek işi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we olaryň ýokary hiliniň üpjün edilmegine halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny goramagyň möhüm şerti hökmünde garaýandygyny belledi. Bu möhüm wezipäniň çözgüdine degişli kanunçylyk namalary, şeýle hem alyjylaryň hukuklaryny we bähbidini goramak boýunça amala aşyrýlan çäreler gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanywmyz belledi we bildirilýän talaplaryň ýerine ýetrilmegine çynlakaý we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen karara gol çekip, wise-premýerler S.Toýlyewe, A.Ýazmyradowa, P.Taganowa bu çözgüdiň berjaý edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda paýtagtymyzda göz öňünde tutulan işlere laýyklykda, ýurdumyzyň baş şäheriniň ähli düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işi alnyp barylýar. Täze awtomobil ýollaryny gurmak we öňden barlarynyň durkuny täzelemek bilen birlikde, Parahat-7/2 we Köşi ýaşaýyş toplumlarynda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy dowam edýär. Paýtagtymyzyň etraplarynda binalary, edara jaýlaryny abatlamak, şeýle hem olara ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Aşgabady ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň üstünlikli amala aşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň baş şäherini dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwürmek, raýatlarymyzyň ýaşamagy hem-de zähmet çekmek üçin amatly şertleri döretmek şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarydyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň esasynda gurluşyk edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreleriň görülmeginiň wajypdygyny belläp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna gurulýan desgalarda we durky täzelenýän binalarda alnyp barylýan işleriň hiline hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletleriniň berjaý edilmegine berk gözegçiligi etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleri ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda kuwwatlylygy 400 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna başlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer häzirki wagtda gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň dördüsiniň ulanmaga berlendigini, ýene-de ikisiniň -- Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda we Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynda gurluşygynyň alnyp barylýandygyny habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen öňde goýan wezipelerini çözmek üçin pudagyň hünärmenleri tarapyndan seljerme işleri geçirildi. Öňdebaryjy tehnologiýalar babatda dünýäde ykrar edilen Ýaponiýa elektrik energetikasy pudagynda ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalary hödürläp, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça işlere işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagynda döwletimiziň goldaw bermeginde täze döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalaryny gurmaga we öňden bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilýändigini, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasynyň gurulýandygyny, paýtagtymyzyň, ýurdumyzyň beýleki şäherleriniň hem-de ilatly ýerleriniň energiýa üpjünçilik ulgamynyň täzelenýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe elektrik energetikasy pudagynyň goşmaça kuwwatlyklaryny işe girizmek meseleleri barada durup geçip, bu ugurdaky işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine ünsi çekip, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda üstünlikli işleýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz özara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda, maýa goýumlar ulgamynda, dürli pudaklarda taslamalary amala aşyrmakda, bilelikdäki işiň täze geljegi uly ugurlaryny ösdürmekde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ähli mümkinçiliklere eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, ýapon işewürleriniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny mysal getirdi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň şeýle bilelikdäki işi goldaýandygyny hem-de bu netijeli gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz pudaklaýyn taslamalar amala aşyrylanda iň täze tehnologiýalary, ýokary netijeli, ygtybarly enjamlary we serişdeleri ulanmagyň wajypdygyny nygtady hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de Söwda-senagat edarasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasynda görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, binanyň umumy meýdany 56,6 müň inedördül metre barabardyr, onda netijeli işlemek, myhmanlary kabul etmek, iri forumlary, ýarmarkalary, maslahatlary, tanyşdyryş çärelerini we beýleki işewür duşuşyklary, medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem umumy meýdany 10 müň inedördül metre barabar bolan daşky sergi zolaklary, çaphana we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat merkezi, naharhana, awtoulaglar üçin duralgalar we beýleki desgalar bar.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň daşary söwda menzilini ulanmaga bermek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, onuň täze edara-işewürlik toplumynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň hem-de ony talabalaýyk dolandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz möhüm düzümleýin özgertmeler bilen birlikde, iş usulyny, onuň mazmunyny düýpli täzelemegiň, söwda we maslahat-sergi işini guramagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda, türkmen-eýran araçäginde gurlan daşary söwda menziliniň işi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap edip, wise-premýere Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy bilen bilelikde degişli çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

----------------------------------

Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna söz berildi, olar Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, döwlet howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmak, halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň hünär ussatlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümleriniň arasynda tertip-düzgüni pugtalandyrmagyň, esgerleriň we hukuk goraýjylaryň ýaş neslini hakyky watançylyk hem-de eziz Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmek boýunça mukaddes borja wepalylyk ruhunda terbiýelemegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň komitetleriniň ýolbaşçylary öz öňlerinde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda durmuşa geçirýän çäreleri barada aýdyp, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek, umuman, netijeli işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aýdyp, deputatlar düzüminiň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine gatnaşýan milli parlamentiň deputatlaryna ýüzlenip, olara ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ýokarlanmagy ugrunda möhüm ornuň degişlidigini lelledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlaryna saýlawçylar bilen yzygiderli duşuşyklary geçirmek, milli ykdysadyýetimiziň ulgamlarynda gazanylýan netijeleri, ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyndaky täzelikleri ilat arasynda wagyz etmek boýunça möhüm wezipeleriň ynanylandygyny belledi.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň, milli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde köp işleriň edilýändigini, bu ugurda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan möhüm kanunlaryň onlarçasynyň kabul edilendigini, milli parlamentiň deputatlarynyň Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn düzümler bilen ysnyşykly işlemeginiň barşynda oňyn netijeleriň gazanylandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda deputatlaryň öňünde anyk wezipeleriň durýandygyny belläp, bu ugurda deputatlaryň maksatnamalaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmeginiň zerurdygyny aýtdy we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde deputatlara üstünlik arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, mähriban Watanamyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter