Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna sapary tamamlandy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna sapary tamamlandy

опубликованно 14.05.2015 // 962 - просмотров
 

Lýublýana — Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.

Günüň birinji ýarymynda Türkmen döwletiniň Baştutany “Iskratel” kompaniýasyna baryp gördi. Bu kompaniýa dünýäde telekommunikasion enjamlary öndürýän, Ýewropa Bileleşiginiň esasy tehnologiki kompaniýalarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimizi kompaniýanyň edarasynda onuň baş direktory Želko Puliç we “Iskrateliň” müdiriýetiniň agzalary garşyladylar. Milli lybasdaky gyz belent mertebeli myhmana gül dessesini gowşurýar.

Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girmäge çagyrylýar. Binanyň öňünde üç baýdak — Türkmenistanyň, Sloweniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň baýdaklary parlaýar.

“Iskratel” kompaniýasynyň ýolbaşçylary milli Liderimizi onuň innowasion kuwwaty bilen tanyşdyryp, täze işläp taýýarlamalary hem-de çözgütleri hödürlediler, şeýle hem Türkmenistanda telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işiň netijeleri, ýerli telefon aragatnaşyk ulgamynyň göwrümini giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler.

Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýylyň oktýabrynda Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan “Iskratel, Telekomunikacijski sistemi, d.o.o., Kranj” slowen kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Bu taslamanyň esasynda geçen ýyl kompaniýa tarapyndan jemi 63,5 müňden gowrak telefon belgilerini üpjün etmek üçin kommunikasion enjamlar, şol sanda internete çaltlyk bilen girmek mümkinçiligi bolan enjamlar iberildi.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde sanly beketler gurnaldy we ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 20 müň telefon belgilik hem-de 14 müň belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli sanly beketler işe girizildi. Ahal welaýatynda 10 müň 048 telefon belgilik hem-de 2 müň 208 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy we 9 sany ilatly nokatlary telefonlaşdyryldy. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we Guwlymaýak, Gyýanly, Garabogaz şäherçelerinde jemi 3 müň 456 telefon belgilik hem-de 608 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy. Lebap welaýatynda 18 müň 816 telefon belgilik hem-de 2 müň 272 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketleri gurnaldy we 29 ilatly nokat telefonlaşdyryldy. Mary welaýatynda 6 müň 144 telefon belgilik hem-de 1 müň 088 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 5 müň 120 telefon belgilik hem-de 800 belgilik ýokary tizlikli internet mümkinçilikli beketler gurnaldy.

Soňra kompaniýanyň ýolbaşçylary belent mertebeli myhmana “Iskratel” kärhanalar toparynyň strategiýasyny we tehnologiki gazananlaryny hödürläp, özleriniň okgunly ösýän türkmen bazaryndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleri we bu ulgamdaky ösüşiň geljegini nazara almak bilen, slowen hünärmenleri tarapyndan pudagyň we tutuş ykdysadyýetiň esasy hökmünde logistiki düzümi ösdürmek boýunça teklipler işlenip taýýarlanyldy.

Gürrüň ulag gatnawlaryny, ýükleriň daşalmagyny we ýolagçylaryň gatnadylmagyny guramak we dolandyrmak, bu ulgamda netijeli hem-de ýokary hilli hyzmatlary etmek üçin täze kommunikasion çözgütler barada barýar.

Ulag ulgamlarynyň ähli görnüşleriniň sazlaşykly we çalt işlemegini üpjün etmek üçin maksatnamalaýyn kommutator işlenip taýýarlanyldy. Ol giň hyzmatlar toplumyny we gatnawlaryň ugurlaryny bir bitewi ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Bu ulgamyň işi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa demir ýol ulgamlarynyň telekommunikasiýalaryny döwrebaplaşdyrmagyň mysalynda görkezildi. Taslamanyň tanyşdyrylyşy tehniki görkezijiler we häsiýetnamalar, bu platformany ornaşdyrmagyň garaşylýan netijeleri baradaky jikme-jik maglumatlar beýan edilen slaýdlar arkaly amala aşyryldy.

Şeýle maksatnamalaýyn önümiň ulanylmagy oňa gatnaşyjylaryň ählisiniň takyk işlemegini, ýük iberijiler we alyjylar üçin amatsyzlyklary döretmezden, ulagyň bir görnüşinden beýleki bir görnüşine çalt we netijeli geçilmegini üpjün eder. Munuň özi müşderilere petekleri öňünden çalt we hiç bir kynçylyksyz bellemäge, gitjek ýeriniň has amatly ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Bu ulgam gatnawlaryň tutuş işini işjeňleşdirmegi we ony gözegçilikde saklamagy üpjün eder. Logistiki ulgamlary gowulandyrmagyň görkeziş nusgasy hökmünde Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ugurlary alyndy. Ýagny, iň täze telekommunikasion çözgütleriň kömegi bilen Türkmenistanyň demirgazygyndan günortasyna hem-de ýurduň gündogaryndan günbataryna ýük we ýolagçy akymlaryny kadalaşdyryp, gatnawlaryň wagtyny ep-esli gysgaldyp we maddy çykdajylaryny ep-esli kemeldip hem-de ulag toplumynyň girdejililigini, onuň üstaşyr bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyryp boljakdygy görkezildi.

Bu platformanyň artykmaçlyklary ony dolandyrmagyň ygtybarlylygy we durnuklylygy, onuň “arhitekturasyny” ulgamlaryň islendik möçberine çenli üýtgedip bolýandygy, beýleki giň zolakly maglumat ulgamlary bilen sazlaşyp bilýändigi bilen baglanyşyklydyr. Munuň özi häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ykjamlylygy, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berýän internet-aragatnaşygy ulanmak bilen täze tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şeýlelikde, halk hojalyk toplumynyň we ilatymyzyň islegleri kanagatlandyrylýar.

Söhbetdeşligiň barşynda ýokary tehnologiýaly platforma bilen işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri hem gozgaldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, işgärleri taýýarlamak meselesi, Sloweniýa Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, Sloweniýanyň ýokary okuw mekdeplerine iberilýän türkmen ýaşlarynyň okamagy üçin orunlary artdyrmak mümkinçiligine garaldy.

Sloweniýanyň kompaniýalary öz işini Türkmenistanda giňden ýaýbaňlandyrýarlar, olar üçin hem bu ugurda işgärleri zerur bolup durýar. Gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalar hem şuňa gönükdirilendir. Şunda türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu işe diňe bir esasy hünärmenleri däl, eýsem, orta hünärli işgärleri toplumlaýyn taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy göz öňünde tutýan toplumlaýyn çemeleşmäniň wajypdygyny belledi. Munuň özi täze hünär ugurly okuw mekdepleriniň döredilmegini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň hem-de Sloweniýanyň ýörite okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň araosynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň, mugallymlary we talyplary alyşmagyň, gysga möhletli okuwlary we okuw maslahatlaryny guramagyň maksada laýykdygy baradaky pikiri aýtdy.

Bellenilişi ýaly, “Iskrateliň” öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny beýleki köp ulgamlarda hem — saglygy goraýyş, bilim, durmuş hyzmaty ulgamlarynda we beýlekilerde ulanmak bolar. Bir söz bilen aýdylanda, tehnologiki işläp taýýarlamalaryň çeýeligi olary islendik ulgama ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly tehnologiýalar eýýamynda bu örän zerurdyr, ol internet-aragatnaşygyň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna häzirki zaman hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz şeýle hem kompaniýanyň dolandyryş toplumynyň ýolbaşçylary bilen tanyşdyryldy. Kompaniýanyň düzüminde işgärleriň müňden gowragy işleýär, hünärmenleriň 300-e golaýy dünýäniň 20 ýurdundaky şahamçalarynda zähmet çekýär.

Soňra edaranyň esasy eýwanynda milli Liderimize “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň slowen diline terjime edilen sowgatlyk neşiri gowşurylýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu köp jiltli ensiklopediki eseri eýýäm dünýäniň köp dillerine terjime edildi, ine, indi bolsa Türkmenistanyň tebigy dermanlyk serişdeleri baradaky düýpli ensiklopediýa Sloweniýanyň okyjylar köpçüligine olaryň ene dilinde elýeterli boldy. Bu kitaby slowen diline terjime etmek başlangyjy “Iskrateliň” ýolbaşçylaryna degişlidir. Kompaniýanyň wekilleriniň belleýşi ýaly, bu kitap ylmy neşir bolmak bilen, janly tebigatyň bimöçber gymmatlygyna aýawly garamagy alamatlandyrýar. Şeýlelikde, bu neşir diňe bir hünärmenlere däl-de, ähli adamlar üçin niýetlenendir, bütin dünýä gönükdirilendir. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan adamlar şu kitap arkaly Türkmenistan bilen ýakyndan tanşyp, bu sahawatly ülkäni söýüp biler. Bu ýurtda parasatly we hoşniýetli halk tebigat dünýäsi bilen sazlaşykda ýaşaýar.

Ýurdumyzda –dermanlyk ösümlikleriň müňden gowragy ösýär. Bu neşirde dermanlyk ösümlikleriň 300-den gowrak görnüşi barada anyk maglumatlar berilýär. Munuň özi Türkmenistanyň peýdaly ösümlikleriniň diňe bir uly bolmadyk bölegidir. Türkmenistanyň örän baýlygy bilen tapawutlanýan ösümlik dünýäsi köpasyrlaryň dowamynda dürli keselleri bejermegiň egsilmez çeşmesi bolup hyzmat etdi. Häzirki zaman lukmançylygynda dermanlyk ösümlikler özleriniň ornuny has-da berkidip, alymlaryň ünsüni özüne çekýär. Bu kitabyň terjime edilmegi fitoterapiýa baradaky ylmy bilimleri ýaýratmaga, adamlaryň saglygyny goramaga ýardam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we asylly işi üçin terjimeçilere minnetdarlyk bildirdi hem-de kitabyň çap ediliş derejesine ýokary baha berdi.

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy barada aýdyp, şu gün irden döwlet Baştutanymyzyň özi üçin niýetlenen kabulhananyň golaýynda ýerleşen seýilgähe barandygyny, şol ýerde sport maşklary bilen meşgullanandygyny bellemek ýerlikli bolardy. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlara bolýan saparlarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz ajaýyp endigine eýerip, däp bolşy ýaly, bedenterbiýe maşklaryny ýerli tebigatyň düzümi bilen tanyşlygy utgaşdyrýar. Raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy we dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanda peýdaly tejribäni ulanmak boýunça anyk maslahatlar we görkezmeler şäher giňişliginiň durmuş we ekologiýa guramaçylygynda iň gowy daşary ýurt tejribesine şeýle uly üns we gyzyklanma bildirilmeginiň aýdyň netijesidir.

Ine, bu gezek hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport maşklaryny tamamlap, seýilgäh toplumyny synlady, onuň abadanlaşdyrylyşy bilen içgin tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen ýaşyl seýilýodalar boýunça gezelenç edip, seýilgähleriň häziki zaman şäherleriniň we şäherlileriň durmuşynda eýeleýän möhüm orny, şeýle bag zolaklarynyň tebigy gurşawdaky möhüm ähmiýeti, olaryň binagärlik we bagçylyk bezegleri barada gürrüň etdi. Milli Liderimiz bular barada aýdyp, ilki bilen, seýilgähleriň we seýilbaglaryň ekologiýa wezipesi barada gürrüň etdi. Olar şäheriň arassa howaly ýeri bolmalydyr. Bu ýerde ýaşaýjylar arassa howadan dem alyp gezelenç edip bilerler, çagalary bilen asuda we özüne çekiji tebigy şertlerde dynç alyp, tebigata ýakynlaşyp bilerler.

Soňky döwürde amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi örän çalt özgerýär. Täze desgalaryň ählisiniň taslamalarynyň işlenip taýýarlanan mahalynda, olaryň ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgäh toplumlaryny döretmek hökmany talap bolup durýar. Gözellik nukdaýnazaryndan olaryň tebigy ulgamynyň oýlanyşykly meýilleşdirilmegi we bezelmegi adamlara oňyn täsir edýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Gezelenjiň barşynda mill Liderimiz seýilgähde onuň wezipesiniň esasy mowzuklaýyn ulgamlarynyň örän şowly sazlaşýandygyna egindeşleriniň ünsüni çekdi. Bu ýerde dynç alyş, medeniýet, sport we güýmenjeler ulgamy, daşky gurşaw baradaky alada aýratyn sazlaşyk döredýär. Şunda tebigatyň gözelligine syn etmek şähdiňi açýar we özüňi rahat duýmaga ýardam edýär. Bu ýerde oturdylan agaçlar bilen üsti ýetirilen tebigy baglar sagdynlyk paýlaýar. Baglardaky salkyn howa, dürli sesleriň we reňkleriň sazlaşygy, hoşboý yslaryň köpdürlüligi adama lezzet berýär, keýpiçag bolmagyny üpjün edýär we zähmete ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Arassa howadaky sport maşklary, ylgamak we türgenleşmek çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Baglaryň daşky gurşawyň ýagdaýyna we arassa howanyň emele gelmegine amatly täsir etmek ukybyny nazara almak bilen, olary adamlaryň ýaşaýan, işleýän, okaýan we dynç alýan ýerlerine golaýlaşdyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu işde daşary ýurtlaryň, şol sanda Sloweniýanyň iň gowy tejribesini öwrenmek babatda ýanyndaky ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz gezelenjiň barşynda seýilgäh toplumyny synlap, golf üçin niýetlenen meýdançanyň golaýynda saklandy. Şol wagt bu meýdançada oýunçylar türgenleşýärdiler. Döwlet Baştutanymyz olaryň türgenleşik maşklary bilen gyzyklanyp, tälimçileriň biri bilen söhbetdeş boldy. Tälimçi bu meşhur oýnuň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda naýbaşy güýmenjeden sportuň köpçülikleýin görnüşine öwrülen golf oýny hemmetaraplaýyn pikirlenmegi, logikany, hereketleriň sazlaşygyny, tutanýerliligi we ünslüligi, şeýle hem bedeniň ähli myşsalaryny ösdürýär. Oýnuň maksady mümkin boldugyça az urgular bilen topy çukurjyga düşürmekden ybaratdyr. Çukurjyklaryň her biriniň öz aýratynlygy bardyr. Olaryň birine topjagazy gaty urgy bilen, beýlekisine bolsa ýuwaş urgy, üçünjisine bolsa has takyk urgy bilen salmak bolýar. Bu aýratynlyklaryň ählisine oňat düşünmek üçin, ýeterlik derejede türgenleşmek zerurdyr...

Bir mahallar golf aristokratlaryň oýny hasaplanypdyr, ýöne kiçi golf oýny döräpdir we oýnuň bu görnüşi her bir adam üçin elýeterli bolup, dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Iň esasy zat bolsa, bu sport güýmenjesi islendik beden taýýarlygy bolan we bäş ýaşdan başlap, ýaşuly adamlara çenli hemmelere gelişýär. Bu oýny tutuş maşgala bolup, dostlaryň, toparlar bilen oýnap bolýar. Sportuň bu görnüşini ösdürmek üçin Türkmenistanda hem oňat mümkinçilikler bar. Ýakyn geljekde paýtagtymyzyň hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň iri seýilgäh zolaklarynda golf üçin meýdançalar peýda bolar.

Ýeri gelende aýtsak, geçen hepdede Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri — “Türkmenistan — ABŞ” işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Niklaus Dizaýn” golf-kompaniýasynyň baştutany Jek Niklaus bilen duşuşygy geçirildi.

Kompaniýanyň Türkmenistanda dünýäde meşhur bolan sportuň golf görnüşini ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýdyp, onuň ýolbaşçysy milli Liderimiziň ozal beren tekliplerini we belliklerini nazara almak bilen ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, golf meýdançasyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu meýdançanyň gurluşygyny Aziada-2017-ä çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz seýilgäh boýunça gezelenjini dowam edip, agaçlaryň golaýynda ýerleşdirilen ýazgyly tagtajyklara üns berdi. Olarda agaç nahallaryny oturdan adamlaryň atlary ýazylypdyr. Bu agaçlar özleriniň söýgüsi we aýawly garaýşy bilen şäheriň gözelligini has-da artdyrýan ýaşaýjylaryň köp nesillerini begendirer. Milli Liderimiz şeýle hem seýilgäh desgalarynda – oturgyçlarda, bezeg germewlerinde we köprüjiklerde tebigy serişdeleriň sazlaşykly ulanylandygyny, umuman, bu ýeriň ösümlikler bilen ussatlyk bilen bezelendigini belledi. Munuň özi toplumyň ähli çäginiň göze gelüwli, köp öwüşginli we özboluşly bolmagyny üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz aýratyn hem seýilgäh toplumynda tebigy ösümlikler bilen soň oturdylan baglaryň sazlaşykly utgaşýandygyny belledi. Baglary bezemegiň, ýagny tebigy ýagdaýda ösýän agaçlaryň üstüni elde döredilen bag toplumlary bilen ýetirmek ýörelgesi bizde hem, mysal üçin, Awazanyň ýaşyl zolagyny kemala getirmekde ýaşyl oazisleri döretmekde ulanylyp bilner diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle tebigy özgertmeleriň esasy maksady daşky gurşawy goramakdan, adam hakda alada etmekden, ýaşaýyş-durmuş üçin has amatly şertleri döretmekden, onuň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr, şunda ekologiýa, estetika we bähbitlilik esasy görkezijiler bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we munuň geljekki durmuş taýdan ösüşimiziň wajyp ugrudygyny belledi. Bularyň ählisi diňe bir baglary döretmek we olary bezemek meseleleri boýunça hünärmenleriň däl, eýsem, iri ilatly ýerleriň dolandyryş edaralarynyň, döwlet we ýerli häkimiýet edaralarynyň, pudaklaýyn edaralaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydyr. Çünki, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ýaşyl “gurluşykda” türkmen jemgyýetiniň däp bolan gymmatlyklary we gözelligiň, parahatçylygyň hem-de sazlaşygyň häzirki zaman ýörelgeleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik ruhy öz aýdyň beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi.

Sloweniýa Respublikasynyň saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lýublýana şäheriniň halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter